16:44 Ok / hekaýa | |
OK
Gijäň ýary «Lenin bagyň» gündogar burçunda bir serhoş harby işgär tarapyndan atylan Baýrow milisgäň iň soňky gygyran sözi şü. Onuň iki gezejik ilki bogazyna sydygyndan gygyryp, soň çala pyşyrdap «ok» diýmesinden kim many alsyn? O manyny, bir böwründen girip, arka tarapyndan çykan okdanam eýmenç manyny Baýrowyň bir özi bilýär. Gowsy, baryny başdan, yzygiderli düşündirmäge çalşaýyn, eger başarsam, başarmasamam başarşymça... Aslynda, degişli edaralar tarapyndan derrew bassyr-ýussur edilmäge çalşylan bu wakanyň soňky nokadyny pistolediň oky goýanam bolsa, başlangyjyny anyk aýtmak kyn. Baýrow heniz on bäşem ýaşamanka, 1938-nji ýylyň gyşynyň sowuk gijeleriniň biri gören düýşünden başlanan bolaýmasyn diýsem, bar zat şeýle ýöntem, edil göle çopanyna Eýnşteýniň otnositellik kanuny düşündirmäge çalyşsaň ulanaýjak mysallaryňa, düşündirişleriňe meňzejek. Şeýle-de bolsa ol düýşi, has dogrusy basyrganmany gürrüň bermän geçmek mümkin däl. Beý diýsem, gürrüň berip-bermez ýaly uzyn ýa-da bulam-bujar, düşnüksiz bir zatdyr öýtmäň. Ýok, gaýta tersine, şeýle ýönekeý, «37-nji» diýip eýmençligi bilen taryha giren ýyllarda her ýetginjegiň, hat-da aýal-erkek diýmän her adamyň düýşünde göräýjek zady. Şol aýazly gije Baýrowy düýşünde baglyk, agaçlyk ýerde biri atypdy. Bolany. Her bir zat, alagaraňkyda çyraň yşygynamy, Aýyň ýagtysynamy lowurdaýan ýapraklara çenli şeýle ayl-saýyl. Baýrawuňam elindäki ýaragynyň, özüne gönügen niliňem ýalpyldysy bir meňzeş. Birdenem beýleki tüpeňiň nilinden ýagty ot çykyp gidýär. Gulagyňy gapyp barýanam ses. Bu düýşüň ne öňi bar, ne-de soňy. Ýa-da ýalňyşaýýarmykam? Üstünden on-onki ýyl geçen soň «oraşan» diýip boljak basyrganmanyň soňy-ha anygam bar eken welin, öňüniňem bolmagy mümkin. Ertesi ir bilen gijeki hopukdyryp oýadan, ýüregini agzyndan çykara getiren düýşüni peçde gyzyl ot bolup ýanýan şalmanyň ýalynyndan gözüni sowup bilmän gürrüň berende ejesi görgüli «Tüpeň habardyr. Hoş habar aljaksyň, oglum» diýip ony gowluga ýorupdy. Kim bilýär, ejäň duýgur ýüregi dogry ýoranam bolup biler. Aşgabatda gezelenç edilýän, dynç alynýan, duşuşylýan, gül goýulýan meşhur Lenin bagynda bolan işe esli ýyldan soň «O düýş Baýrow üçin hakykatdanam habar eken» diýesiňem gelip dur. Şol bir wagtyň özünde-de «On dört ýyl soňky wakamy?» diýip, kelläňe gelen bu pikiriňi ýaňsa alanyňy duýman galýaň. Habar boljak bolsa bir gün, bar, bir hepde öň ýanyndan bolar. Ol-a Baýrow eken, şol wagt asla hiç kimiňem düşündirip bilmejek zadyna nädip habar diýjek? Emma ýetginjegiň ýüreginde düýşden soň erbet gorky döredi. Ýok, bulaşdyrýan. Hadysanyň başlangyjyny gözlejek bolsaň, belki, has aňryk Baýrowyň çagalyk ýyllaryna gitmelidir? Uzak gije aglap, geçiren gijesi tomusdy, onda-da «Ýaldyragyň ýangyny» diýilýän şeýle gyzgyn – petiş bolsa demikdirip, gowrup, sähel ýaprak gymyldasa-da öwsen epgegiň howry guradyp barýan yssy gijedi. Onuň dişi agyrypdy. Ahyry daň atdy. Emma daňda dişe şypa barmy, Baýrawjyk ne gijäniň, ne gündiziň tapawudyny bilýärdi. Dişiniň çişine agzy zordan açylýan çagajygyň aglamakdan ýaňa bokurdagy gyrylypdy, kellesi berk dykylan gaty ýassyk bilen urulan ýaly güňläp durdy. Daň atandan garryja enesi agtyjagynyň goşawuçjagazyny gyzyl bugdaý däneleri bilen doldurdy. - Goý, balajygym. Bibi Patma janyň ýoluna çykaly, Alla jandan dileg edeli, dişiň agyrysy şo bada aýrylar. Belki, Bibi Patma däldir, mümkin Paraw Bibidir – Baýrowyň anyk ýadyna düşmezdi, ýöne kybla tarap bolaýsa on bäş-ýigrimi ädim gidenlerini anyk bilýärdi. Dym gyzyl däneler onuň näzik aýasyna batýardy. - Sep, oglum bugdaýlaryňy. Bismillarahmanrrahym! Emiň-ýomuň şol bolsun. Enesem gysymndaky bugdaýy öňe serpdi. Soňam çommalyp, kündük ýaljak bolup oturdy-da içinden az salym bir zatlar pyşyrdady, elini ýüzüne ýetirip «Allahu ekber» diýdi. Dünýäni unudyp, ap-ak gyňaçly enesiniň hereketlerini sypdyrman synlaýan, «et» diýenini edýän, Baýrowam eliniň aýasyny açyp, çommalyp oturdy. Zordan dili öwrülse-de «Allahu ekber» diýip gaýtalady. Soň ol öýlerine uly ýoldan dolanyp gelen ýaly gelenlerini, ýassyga başyny goýanyny bilýär. Oýananda onuň dişinde sähelçe-de agyry galmandy. Şodur-şodur Baýrow asla diş agyryny bilmedi. Ulalansoňam dişleriniň biri-ikisi çüýräp, owranyp gitse-de agyrmazdy. Baýrow muny köp gezek, telim ýerde gürrüň beripdi. Näçe gürrüň berdigiçe-de onuň üçin şol aladaňdanyň hasam syry artýardy. Ol syryň, syzmagyň, täsinligiň... – düşnüksizligiň güýjüne ikirjinlenmän ynanýardy. Arwah-jyny, Ezraýyl perişdäni edil gözi bilen gören ýalydy. Beý diýsem, Baýrow kölegesinden gorkup ýören züwwetdindir diýibem göwnüňize getirmäň. Oglanlykda deň-duşlary-ha hasabam däl, özünden bir-iki ýaş ulular bilenem uruşmadygy ýokdur. Sebäbi... sebäbini aýtsam ynanmarsyňyz ol keýpine yrsarap urşardy. Näçe özüne göwni ýetýän, ekabyr, garadan gaýtmaz oglan bilen uruşsa şonça-da keýp alýardy. Onuň üçin ýeňmegiň-ýeňilmegiň tapawudy ýok, ýumrugyny aýlap urmakdan, gütüläp ýumrugyň özüne degmesinden lezzet alýardy. Üstesine urşanda uruldym dýip aglamazdy, aglaýanlaram ýek ýigrenýärdi. Emma garaňkydan welin, gyzdanam beter gorkýardy. Bir günem Baýrow ýaňy ýedi ýaşynyň içindekä atasyny gije tutup alyp gitdiler. Ejesiniň, enesiniň aglaşyp, öýüň içiniň uly yzlaşyk bolany, atasynyň «Hä, häzir» diýip, çäkmenini geýjek bolanda elleriniň titreýşi garaňky burçda galpyldap oturan oglanjygyň aňyny agdar-düňder edipdi. Enesinden soranda-da «Ataňy atdylar» diýdi. «Atdylar» diýen söz ýaşajyk aňdaky düşnüksizligi tertibe saldymy ýa-da hasam bulam-bujar etdimi – Baýrowyň özem bilenok. Ady Ahala ýaýran işan tutulmazynyň bir-iki gün öň ýany gözünden ýaş döküp oturan aýalyna «Ýazylandan gaçyp gutulyp bolmaz» diýdi. Gözjagazlaryny petredip özüne geň galyp seredýän agtygynyňam başyny sypalap «Ýat, oglum, ukla. Şujagazlaň görjegi bir gowy bolsun» diýende segsene golaýlan gojanyň sesi sandyraýardy. Belki, barynyň başlangyjy atasynyň şu düşnüksiz sözlerini eşden günündedir? «Lenin bagy nire, diş agyryny bilmeýän, uruş görse gözi açylýan, garaňkydan gorkýan oglanjyk, onuň işan atasy, ak gyňaçly enesi nire?» diýmäň. Adamyň ömri geçip giden ýyllar däl, ýatda galan pursatlar dälmi näme? Soň tereziň bir gapdalynda 30 bilen 37-nji ýyl ýatyrka, beýleki gapdalyna 41 mündi. Olaryň haýsysynyň agyr gelenini bir Alla bilýär. Baýrowam şol ýyl on sekiz ýaşady. Obada erkek göbekli bolsa topar-topar edilip urşa äkidilär. Öldi habarlaram gelip ugrady. Baýrowdan üç-dört ýaş uly Annaberdi aýagyny aldyryp geldi. Ol gyrgynçylygyň gürrüňini kän etmese-de ümmülmez tokaýlyklar barada töweregi haýran galdyryp aýdýar. Baýrowyň gözünde bolsa düýşi, agaçlyk ýerde atylyp öldürilişi. «Gitdigim gaýdyp gelmerin. Bu gün bolmasa, ertirem alyp giderler. Çopan bolup çöle gidäýsemmikäm? Çopanam bolsam äkiderler. Milisge bolaýsaň. Milisgä degenokmyşlar. Üstesine iýjegiň-geýjegiň hökümediň hasabyna üpjin. Ýöne nädip o taýyk işe girjek? Baranyň bilen alaýýalarmy? Indi ejemden, öýmüzden aýrylyp oturbermelimikäm? Atam pahyr şo gije ýönelige «görjegi gowy bolawersin» diýip başymy sypalan däl eken. O meň görjegimiň erbetdigini syzyp duran bolmaly. Ol adamlaň agzyndan boş söz çykýamy?! «Menem okdan, senem okdan ölmeli boljak» diýdigi eken.» Şeýle pikirleri edýän ýigit gapylaryndaky bir düýp erigem esli wagtlap gözüni aýyrman synlap oturýanyny duýmaýardy. Raýonyň milisiýasynyň naçalnigi Harçenko diýilýäniň ýanyna-da barypdy. Orsça-türkmençe garym-gatym edip, özüniň urşa gitse hökman öljekdigini düşündirjek bolupdy, düýşüni başly-barat aýdyp bermäge, «neçelnigiň ýüregine rehim indermäge» dyrjaşypdy. Rehim nire? Gaýta «Sen ýaş, urşa esger gerek» diýýä. «Uruş turmadyk bolsa, bu wagtar eýýäm Ogulgüle öýlenerdim. Toý ederdik...» Baýrow alaçsyzlykdan «Owf!» edip uludan dem alyp, pilini egnine atdy. Kolhozyň ekinine suw tutmaga barýan ýigidi daňyň reňki, tämiz howa, dünýäň täsin sazy gysyp-gowurýardy. Ol günleriniň sanalgydygyny, Ezraýylyň özi bilen tirkeşip ýörenini şeýle anyk görüp duran ýalydy. - Eý, Baýrow! Baýrow tisginp başyny galdyrsa, öňünde soldat eşikli Sylap ýylgyryp dur. - Saglykm-ow! Oba-gara gurgunçylykmy? - Silap sen-maý? Hany... sen... urşa gitmediňmi? - Aý, obamyzy, ejemi-kakamy göresim, olar bilen ýekeje käse çaýy bile içesim geldi. Gaçyp gaýtdym. Bir didarlaryny görsem, soň yzyma barjak. - Gaçyp gaýtdym diýýäňmi? Uruşdanmy? - Hawa. Bir aý bäri ýolda. Hernä tutulmadym. Hany gel, elleşeli-le, how. Seýidem öldi. Ikimiz bile top atýadyk... Öýlerine habar etmeli. Ýa habar aldylarmy? - Ýok. Ataly agaň oglyna diýýäň dämi? - Hawa. Aý, Baýrow jan uruş ýaman zat. Onyň erbetligini göz öňüňe-de getirip bilmersiň. Özüň nähili, ejeň ýagşymy? - Heniz-ä äkidenoklar. Sen onnoň ýene yzyňa, urşa gitjekmi? - Dagy alajyň näme? Birden Baýrowy tok uran ýaly boldy. - Şonça ýoly geçip, tutulman gelipsiň indem yzyňa gitjek bolma. Bilýäňmi men Harçenkäni tanýan. Milisgäň neçelnigi Harçenke. Ikimizem milisä işe gireli. Milise boldugyňam urşa alynmaly däl diýip kagyz berýäler. Özem häzir gideli. Öýňüze barsaň, miliseler gelip tutup alyp gitseler erbet bolar. Ýör gideli, Harçenke ýaman gowy adam. Oň saňa rehimi iner, yzyňa ugratmaga dözmez. Sylap nädtjegini bilmän ýaýdandy. Obasyna geldi. Öýlerine-de iki köçäni geçse barjak, ses ýetim galdy, ýöne Baýrowyň aýdýanynyňam jany bar. Öýe barsaň, ejeňi agladyp südürdip alyp gitseler... - Şu wagt göni gidibereli-maý. Bolmanda salamlaşyp bir... - Öýňüze bardygyň geldi habaryň oba dolar. Soň giç bor. Eliň hatlyja, arkaýyn barsaň gowy bor. Ýaýdanma, ýör gideli. - Aý, ýör onda. Seň diýeniň bolsun Baýrow dost. Baýrow pilini çaýyrlyk ýere oklap goýberdi. Olar tirkeşip raýon milisiýasynyň jaýyna bardylar. Baýrow Sylaby daş işikde goýup özi naçalnigiň ýanyna girdi. Sähel salym geçmänkä-de gaçgak ýigidiň goluny arkasyna gaňyrdylar. Harçenko gaçgagy ele salandygy üçin sag bolsun aldy, Harçenko-da Baýrowy işe. Sylap bolsa özüni ugratmaga gelen gözi ýaşly ejesine: - Didaryňy görsem razydym, çaý içip oturmagam nesibämde ýokdur-da. Dolanyp gelmesem gandarym Baýrowdyr – diýdi. Dolanybam gelmedi. Baýrow gan bergili bolsa-da ondan algysyny almaga gelmediler. Okdan ölerin öýdüp gorkan pyýadaň özüne sapança berdiler. Bir bolan iş, Baýrow Sylabyň patasy alynanda görünmedi. Ýyllar geçiberdi. Urşam gutardy. Baýrowda bir endik döredi. Ol özbaşyna myssa ýylgyrmany çykardy. «Boljak işe çäre ýok» ýa-da «Ýazgytdan gaçyp gutulmak ýok» diýilenini eşitse, hasam aç-açan ýylgyranyny duýman galýardy. Tutuljagyna gözi ýetip durka-da gaçmaga hyýalam etmedik atasyna köp gezek içinden akmak diýdi. «Ömür - ýaşaýyş üçin göreşdir!» ine, akylly aýdylan söz. Oýnamaga oňa Karl Marks diýmeýäler. Atalarymyz öte nadan ekenler-aý. Sowatsyz adamlar-da» diýerdi. Käri ogry-jümri kowalamak bolandanmy «Tutulmadyk ogry däl» hem «Gaçanam Alla diýer, kowanam» diýen sözleri hem gaýta-gaýta eşderdi. Her eşdende-de bu sözleriň çuňlugyna haýran galardy. Dogrusy bu sözler onuň ýarasynyň melhemidi, göwnüniň tesellisi. Birden ýüregi gysjak boluberse-de «Tutulmadyk ogry däl. Gaçanam Alla diýer, kowanam» diýip gaýtalardy hem göwnihoş, myssa ýylgyrardy. «Bolmanda gaçýan şeýtany çagyraýjak ýaly welin, gör, ikisiniňem Alla diýşini. Ikiňem şol bir zada sygynýan bolsaň, onda gaçjmak-da kowalamakda näme many bolsun?! Şeýle dälmi? Näme diýselerem olaryň biri dilinde Alla diýse-de ýüreginde şeýtany çagyrýandyr-laý. Aý, esasy zat ele düşmeseň boldugydyr-da. Munuň Allasam şol, şeýtanam. Şirin jana döneýin, heý, saňa degjek zat bormy?!» Beýle pikirleri Baýrow kän etmezdi. Sylaba welin, çyny bilen minnetdardy. Ogulgüle öleneni, çagalarynyň dünýä ineni, abraýly, goragly, ýanyň ýaragly işi, uruş ýyllary işiniň arkasyndan uly il iýere zat tapman sarun iýende-de horluk görmäni, her şatlygy, begenji, hatda gülküsi üçinem minnetdardy. Elinden gelsedi, Sylaba ýadygärligem galdyrjakdy. Ýöne onuň öldi haty gelensoň obada kän ýaşasy gelmedi. Göçdi. Başga bir oba-da göçmedi – bir-biregi kän tanalmaýan, tanajagam bolunmaýan ýer – şähere göçdi. Emma göçüp halas bolup bolmaýan zatlaram bar boldugy-da, bir gün Baýrow Sylaby düýşünde gördi. Düýşüdirem öýtmän onuň bilen razylaşjak boldy. Razylaşmk nirden ýadyna düşdi diýsene, megerem düýşündedigi üçindir. Sylap welin, razylaşmady «Git, ejemi razy et» diýdi. Hopugyp oýanan egni ýyldyzly emeldar ýigit bu düýşden soň birden-birden dünýäni unudyp, asmandan gaçan ýaly, ähli zady geň görüp, akyly haýran oturmany çykardy. Aýaly görgüli «Näme bolýa, gyýw, saňa?» diýse-de «Aý, bilmedim, töweregim, bar zat düýş ýaly» diýdi. Ahyry Baýrow obasyna gitmegi, Sylabyň ejesini görmegi ýüregine düwdi. Amanbibi eje garrapdyr, Baýrowam tä özi tanadýança tanamady. Kim bilýär «Tanamadyk bolaýyn, özi tanatman turup gider» diýen bolsa-da belli däl. Emma Baýrow «Razy bol, Amanbibi eje, meň ölesim gelmedi. Sylaby öňi-soňy tutup ýene yzyna ugradardylar» diýdi. «Bilýän janym. Indi hemmesine düşünýän. Neressämiň kysmaty şeýle bolmaly, okdan ölmeli eken. Ýogsa şonça ýoly geçip, tutulman-gapylman, gapyň agzyna gelende-de saňa duşaýmalymy? Boljak işe çäre ýok diýleni. Ýöne bir didaryny ganyp-ganyp görüp bilmedim, käsejigine çaý guýup berip bilmedim, şoňa neme edýän. Alla seni gorajak bolup, oňa şonça ýol geçirenem bolsa bize bilme ýok. Allaň işine akyl ýetýämi, köşek. Kä wagt ýeke özüm çagamy ýatlap oturýan-oturýanda pikir edýän, her zat göwnüme gelýä. Senem Yşan janymyzyň agtygy. «Şehit çagam, saňa sebäpkär bolup sogabyny artdyrandyr belki» diýibem özümi köşeşdirýän. Öňi-soňy ölmeli. Ömür diýlen ölüme barýan ýodajyk ýalydyr-da, janym. Ýöreseň gutarmajak ýol barmy. Ýolunuňam, ýodasynyňam sadagasy bolaýyn, ýöne berenje ýolunda Özi azaşdyrmasyn. Razydyryn, ölýänçäm oba göçüp gelmeseň bor...» Amanbibi ejäň käçäň gülüni kiçijik gasyn-gasyn bolup giden süýem barmagy bilen dyrmap, başyny galdyrman aýdan bu sözlerini diňländen soň, turup gaýdan Baýrawyň ökjesi ýeňledi. Onuň oba «gel» diýlende-de göçüp gelmek hyýalynda ýokdy. Şu gelenine-de nätjegini bilenokdy. Içinden bolsa: «Ýazgyt diýşip, kysmat diýşip, şoňa-da ýüregi bilen ynanýanlaň barlygam gowy zat. Agamyzyň ganyny aljak diýip Sylabyň dogan-garyndaşy yzyma düşüp ýörse näderdim?» diýip oýlanýardy. Obasyndan çykyp barşyna maňlaýy nyşanly gara gaşly milise papagyny çykaryp, kellesini gaşap içinden: «Bäh, Amanbibi eje garry eneme meňzeş eken-aý. Ak gyňajam daňynypdyr welin...» diýdi. Ýigrimbäşiň dälijesi diýilýän ýaşdan ýaňy geçen, heniz otuza-da ýetmedik Baýrow şeherde, öýüne golaýlanda ýaňy mekdebe gidip ugran uluja ogly öňünden ylgap çykdy. - Kaka, kaka, bäşlik aldym. Oglunyň berekellasyny ýetirip başyny sypan ýigit ýaşamagyň hezilligini tutuş durky bilen duýýardy, ondan lezzet alýardy. Ol oglunyň düşünmejegine gözi ýetip dursa-da: - Göreşmelidir oglum. Bäşlik almak üçinem göreşmelidir. Şuny ýadyňdan çykarmagyn – diýip sargyt etdi. Bir gije-de Baýrow şäherde nobatçydy. Ol Lenin bagynda, gijäň ýary, çetiräkde, agaçlaň gür ýerinden «Kömek ediň!» diýip gygyrýan aýal sesini eşitdi. Sapançasyny çykaryp gürmege girenem şoldy «tark!» edip tüpeň sesi çykdy. Baýrow böwrüni tutup ýykyldy. «Ok! Ok!» diýip bir gezek bogazyna sygdygyndan gygyrdy, ikinji gezegem uly bir mana akyl ýetiren ýaly çala pyşyrdady. Baýrowyň näzijek aýasyna gyrmyzy bugdaý däneleri batýar, lukmanlar bolsa onuň damarlak eliniň aýasyny zol açýardylar. Ol hem däneleri gaçyrmajak bolup gysymyny gysýar. Üstesine-de şeýle bir dişi agyrýar welin, agyry tutuş göwresini büküp barýar. - Özüne geldimi? Özüni bilýämi? - Ýok, özüne geläýse, agyrysyny ýüregi götermez. Üç gün ölmän çydap bilse, tama bar. Eneli ogul daş ýoldan gelen ýaly öýlerine dolanyp geldiler. Dişiniň çişine agzy açylmaýan Baýrowjyk başyny ýassyga goýany bilen süýji uka gitdi. Düýşünde-de ony gürmek agaçlaň arasynda atdylar... Ol gaýdyp oýanmady. Çydamady. Daň agaryp-agarmanka ýigrimi ýedi ýaşly ýigit özüne gelmän jan berdi. Hydyr AMANGELDI. # ekizler2.com | |
|
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |