05:44 Ömür | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
▶ ÖMÜR Ýazyň gülälegi, gyşyň gary bar Kanunyňa kaýyldyryn Biribar. Balkyldan gözleri basmarlap gubar Howurly gujaklar sowady gitdi. Kellesi dumanly, ýüregi otly, Aýagy ýelgamak, bili kuwwatly, Bakydyr öýdülen ýigitlik atly Gül ömrüň eçilen sowgady gitdi. Göwnümize entek-entek jahylkak, Söýgi hakda ýazyp ýören şahyrkak, Süýşüp gelýän garrylykdan gapylkak Saç agardy, soňra sabady gitdi. Gylaw kem-kem gaçdy. Galdy hakyda Geçirim ýok beýle zabun hökümde. Göwün guşum o gün heňňam hakynda Bir gamgyn äheňde saýrady gitdi... Ykbaldan razy, günümden hoş-la, Gymyldapjyk ýörsek içerde - daş-da. Kän arzuw galmady saglykdan başga, Hum kelle-de hyýal gowzady gitdi. | |
|
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |