20:09 "Özümden azaşyp uzak bir ýerde..." | |
"ÖZÜMDEN AZAŞYP UZAK BIR ÝERDE..."
Özümden azaşyp uzak bir ýerde, Wagtyñ aýak sekmedik, ýyllarynda men. Dagdan daş tapamok, çöldenem çäge, Zöhrä çekilmedik ýollarynda men. Ýyldyz ýere gaçsa sypaýar başym, Ýeken, gamyş ýaly yranyp ýörşüm, Kemşeren çagajyk aglanda, Bolşum, Ýaşyñ gözbaş alan köllerinde men. Iki gaşyñ arasyn ýyldyrym çakýar Ýüzümde galmandyr ýylgyryp bakma, Ol ýylgyrşy ýitiripdim bir çaklar, Umytda henizem, gözleginde men. Aperin, aperin! ker bilen körüñ, Düşünişip baryşlaryn bir görüñ! Meniñ bolsa ruhum bilen heýkelim, Bir birine mynasyp dällerinden men. Özüme duş geldim atdym zibile, Ýene birin doñsyn diýip, Sibire, Okladym. men, özümi gutarma nire? Ädime çolaşýan kän-lerinden men. Enem ýüzärlikli ikiýan baka, Tütedip diýýär: - özüñi okat, Gelnimiñ garaýşam, soñy köp nokat, Täzeje bäbejik ýanlarynda men. © Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
√ Ýasama gül / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |