10:38

Patrik Zýuskind

Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 248 | Добавил: Bagabat | Теги: Patrik Zýuskind | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Şu edebiýat ugrundan bayraklardan ýüz öwüren iki ýazyjyny bilýärdi. Biri Boris Pasternak. O pahyry Nobel baýragynyndan ýüz öwürmâge mejbur etdiler. Beýlekem Sartr. Ol öz garaýşyna görä etdi. Men haysydyr bir sosial instituta garaşly ýaly bolup galmak dâl, şonuñ üçinem Nobel bayragyndan ýüz dönderýân diýipdir. Emma Sartryñ maşgalasynda Nobel alan ýene biri bar öýdýän.

0
2 Bagabat  
43
Kän-laý.

1. Lew Tolstoý - 1906-njy ýylda öz dosty hem terjimeçisi, Nobel baýragy boýunça komitete täsir edip bilýän fin edebiýatçysy Arwid Ýarnefelte hat üsti bilen ýüzlenip, özüne Nobel baýragynyň berilmezligini guramagy haýyş edýär. Sebäbi şol döwürler terkidünýälige ýüz uran Lew Tolstoý puly zulum hasaplap, puly ulanmakdan ýüz dönderip ýören ekeni we özüne Nobel baýragy berilse, onuň pul düzümini almaly boljagyndan eýmenipdir.

2.Bernard Şou - 1925-nji ýylda Nobel baýragy berlende ilki ondan ýüz dönderýär. Emma ony aýaly bu baýragy almaga yrýar. Şonda Bernard Şou baýragy aljakdygyny, ýöne onuň pulundan ýüz dönderjekdigini yglan edýär. Emma ony ýene-de aýaly baýragyň puluny hem almaga "yrýar". Şeýdibem Bernard Şou bu baýragy dolulygyna kabul edýär.

3. Boris Pasternak - 1958-nji ýylda oňa "Doktor Žiwago" romany üçin Nobel baýragyny berenlerinde ony sowet hökümeti baýrakdan ýüz döndermäge mejbur edýär. 1989-njy ýylda bu barýagyň hormat hatyny we medalyny B.Pasternagyň ogluna gowşurýarlar.

4.Žan-Pol Sartr - 1964-nji ýylda Nobel baýragyny alsa özüniň ýazmakdaky erkinligini ýitirerin öýdüp, baýrakdan meýletin ýüz dönderýär.

5. Aleksandr Solženisyn - 1970-nji ýylda "Arhipelag Gulag" atly çeper-dokumental epopeýasy üçin berlen Nobel baýragyndan ilk-ä sowet hökümetinden eýmenip ýüz dönderýär, soňam, 1975-nji ýylda SSSR-den daşary ýurda çykarylandan soň, ony kabul edip alýar.

6.Elfrida Ýellinek - 2004-nji ýylda Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasyna barmakdan we baýragy kabul etmekden ýüz dönderýär. Emma, şonuň yz ýany baýragyň düzüminde berilýän 1,4 million amerikan dollaryny (10 million şwed kronyny) kabul edip alýar.

7.Bob Dilan - 2016-njy ýylda berlen Nobel baýragyny kabul etmekden ýüz dönderýär we onuň gowşurylyş dabarasyna barmaýar. Emma soň öz çykyş edýän sahnasynyň ýeňsesinde, az sanly adamlaryň gatnaşmagynda ol baýragy kabul edýär.

Nobel baýragy berilmesizdenem döredijiligi dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren ýazyjylar bolsa, hasam ummasyz.

0
3 sylapberdimuhamov  
1428
Bob Dilan Nobel bayragynyñ laureaty bolandygyny bir hepdeden soñ eşidipdir diýip internetde okapdym, ýa tv-de eşitdim. Şol wagt balyk tutup ýören eken. Meñ şikarny şikar keypimi bozmañ diýipmiş zaluwat).

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]