17:54 Pelsepe | |
PELSEPE
Ýürege hoş sözdür hem mähir gerek, Dideleriň didarlara zar wagty. Bilmedim, bir zad-a küýseýär ýürek, Bü dünýäniň petiş wagty, dar wagty. Hawa, bilýäs, iň şirin zad-a jandyr, Ynsabyn ýuwdan gury bir sandyr. Gorky-ürki huşdan gaýyp bolýandyr, Gaharyň-gazabyň – namys-ar wagty. Diýýärler: “Öten ýok dünýeden doýup”, Ýene-de diýýärler: “Nalamak aýyp”. Gurbatyň ýetýärkä ýyrtyk jul geýip, Näme görýäň tende janyň bar wagty. Mähriň bolsa, mähir bilen söýerler, Ynjanyňda “wah, ynjapdyr” diýerler. Il beýikdir, beýiklere uýarlar, Kalpdaky ynamyň şerden zor wagty. Öz göwnüňe jaý et ölçäp-biçýäniň, Köp munda akylly, akly göçýänem. Iki-ýeke däldir jandan geçýänem, Gözel gyzyň ýaňagynyň nar wagty. Döwletliler saçagyn giň açýandyr, Bidöwletden rysgal-döwlet gaçýandyr. Bu dünýede ömür biweç geçýändir, Näkes elde gunça-gülüň har wagty. Gün yzyndan günler gujak gerip dur, Günä-sogap işi Taňry görüp dur. Bagt gapymyzda salam berip dur, Ile-güne rowaçlyklaň ýar wagty. Azym, gördüň haka şyltak atýany, Ne işiň bar, utulýamy, utýamy? Wah, hawa-da, bar güýjümiň ýetýäni Galamymdyr, ýüregimiň gor wagty. Azymberdi KAKAÝEW. | |
|
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |