07:58

Penjire

Категория: Goşgular | Просмотров: 831 | Добавил: Нawеran | Теги: Has Türkmеn | Рейтинг: 4.0/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024
Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024

Teswirleriň ählisi: 3
1
1 Bagabat  
43
Gadymy oguz türkmenleriniň ynanjyna görä, Baýderek atly dünýä daragty barmyş. Ol Beýik Ügüz diýlip atlandyrylýan, gözbaşyny Uçmahdan (Ýokarky dünýäden, Asmandan) alyp, Ortak dünýäniň (diri ynsanlaryň ýaşaýan dünýäsiniň, Topuryň, Topragyň, Zeminiň) göwsüni kesip geçip, Tamuga (Astky dünýä, Ýeriň astyna, Aşaky dünýä) akýan mähnet derýänyň kenarynda ösüp otyrmyş. Onuň kökleri - Tamugda, sütüni - Ortakda, püri hem Uçmahda diýlip hasaplanypdyr. Ynsan amanadyny tabşyranda-da "ol şuňkar boldy", "ol uçup gitdi", "ol Beýik Ügüziň kenary bilen syýahata ugrady", "ol Baýderekniň sütünini syrmaga gitdi" diýen ýaly düşünjeler ulanylypdyr. Birhili "doňýürek dünýäniň 10-njy gaty" diýen söz düzümi hem şu düşünjeleri ýatladyp gitdi. Bilemok, nähili assosirlendi... Adam-da. Assosiatiw pikirlenmek, haýsydyr bir hyýalda galan şekiller bilen duýmak, düşünmek hemme kişiň diýen ýaly mahsuslygymyka diýip pikir edýärin...

0
2 Bagabat  
43
Her döwrüň edebiýatynyň öz sesi, her zamanaň şygryýetiniň öz akgynlylygy, kapyýasy, metaforasy bolýar. Mysal üçin, Maýakowskiýniň gunt düşen ýaly, onuň özi aýtmyşlaýyn "çoýun setirler" edil şol döwürdäki jemgyýetçilik hadysalaryna laýyk gelen bolsa, hatda Puşkin bolanda-da rus şygryýetiniň naýbaşy asyrynyň şygyrlary Maýakowskiýniňki ýaly döwrüň sesi bolmagyň hötdesinden gelip bilmezdimikä diýýärin. Sebäbi Oblomowlardan, Peçorinlerden soň özüniň alagaraňky geýimlerine, sypal başgaplarydyr çaňlaňja hasajyklaryna duwlanyp dekadans gelipdi. Dekadans bolsa - bu ilkinji nobatda Çehowyň tukatlygy, Ýeseniniň owadan, näzik, gamgyn, nepis setirleri, Blogyň iňrik garalyp barýandaky süýtreňk garaňkylygy ýatladýan sözleri "Köçe, bildiriş, dükan..." ýa-da "Millionlar biz! Biz - tümen, tümen we ýene-de tümen...", Swetaýewanyň humarly şygyrlarydy...Maýakowskiýniň setirleri bolsa edil endam-jany gara der bolup, körükde ýanýan oduň ýalkymyna lowurdap duran ägirt uly, saçlary-sakgaly hüžžük demirçiniň mähnet ýekedabanynyň zarbyna demir sandalyň üstünde myžžaryp, biri-birine sepleşen, kapyýalaşan sözler ýalydy...Bu penjire-de döwrüň penjiresi...Loly dünýäniň syrtyndaky pohuny, öz pohuna garyp iýýän doňuzlar...

0
3 Bagabat  
43
Şygyr näzik bolmalymy? Ýa-da diňe proza durmuşyň dilinde, köçäň dilinde geplemeli-de, şygyr hakyky Melikelere mahsuslykda diňe senemli-sonarly Çarbagyň bossanynda gülleriň ysyndan beýhuş bolup, sähel şemala-da ülpüldäp duran köýnekleri bilen gezen bolup ýörmelimi?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]