03:47 Perwana men | |
Aşyrmuhammet SEÝITNUROW
▶ PERWANA MEN Ýok, men közjagaz däl, uçgunjygam däl, Ýa bir şem yşgyna gelen perwana. Gijeleriñ Aýa uçuşy ýaly, Uýýan şol gözeliñ yşk permanyna. Ýok, men otjagaz däl, ataşjygam däl, Ýa şahyr däl söz saýlara dürdäne. Her gün Günüñ dogjagyna uýmuş deý, Bir gyzyñ yşkyna uýýan merdana. Men bir gyzda dörän yşkyñ ýalyny, Ýokdur bu yşkymy söndürip biljek, Ýedi gat ýer, arşyñ-kürşüñ üstünde Ýok meniñ söýgimi syndyryp biljek. Şeýle wepa üçin, şeýle yşk üçin Dadyp gördüm dodaklaryñ abyny. Şol gyz ýüregine päk söýgimi hem Nagyşlap ýazypdyr meniñ adymy. | |
|
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |