21:11 Rubagylar | |
Oguljemal ÇARYÝEWA
▶ RUBAGYLAR Ruhy çeşmim, saña suwsan teşne men, Umyt gülün beýan edýän keşde men, Içimde bir dünýä otyr, aç ony, Höweslärin bir güneşli keşbe men. * * * Sabalar baş aýlar meý içen şemal, Sergezdan islegim taparmy kemal. "Zer balyk bol" diýdiñ ~ ine, men balyk, Sen umman bolmasañ, öler bu jemal. * * * Daga baksam, daglar saña meñzeýär, Ýürek bolaa dag goýnuna eñreýär. Höküm etseñ, bar jezaña razy men, Ýöne Senli umydyma degme, ýar. * * * Günler ýere degmän, asmandan göçýär, Ýollaryñ belentden-belende geçýär. Bu baýram jüp geldi-göwün baýramy, Ýürek şerabyndan ganyplar iç, ýar! * * * Bu dünýäde kändir owadan jenan, Ýöne menbdeý seni söýmez hiç zenan. Wepa agajyna söýenip durun, Golumdan çek, yşkdan galmasyn melal. * * * Ýürek ülkesinde söýgiñ şasy sen, Yşkdan zekat bermeseñ, bir asy men. Gözellikde ýaryş gursañ galaryn, Baýragym sen ~ gursañ paýhas bäsi sen. * * * Aýybym sadalyk ~ meniñ hiläm ýok, Golum sersem ~ boş gaýtarsañ, kinäm ýok. Bir mañyzly bag bolmaly şänik men, Toprak berip, sen ekmeseñ şinäm ýok. * * * Hudaýdan soñ ýerde ykrarym sensiñ, Wepalar ýurdunda ygrarym sensiñ. Semender men ~ o:t küýsäpler geldim men, Bir öçmez o:t bolup çabranym sensiñ. * * * Asmanda nur ýollar Günüñki bolsun, Müñ keremiñ biri meniñki bolsun. Köñli baý, özi garyp jenan men ~ Şu şygyrlar diñe seniñki bolsun! | |
|
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||