22:02 Salam aýdyň enem jana... | |
Salamyñy enem jana ýetirdim,
Salamyñy ýene käne ýetirdim. Ýöne soñky gelen ajy habary Ýetirmedim, gaýta özüm ýitirdim. Bagyşlarsyñ, çaga dünýäm gussady, Dilimem ysmady, bognum ysmady, Öñem ýüreginde dag galan enä Aýdaýmaga beýle agyr kysmaty. Haty ýyrtdym köýdürilen ar ýaly, Aldadym enemi, seni sorany. Käte-käte öz-özümem aldadym Göýä bu jahanda sesiñ bar ýaly. Ne bir özüñ tapdym, ne habar tapdym, Gözledim dünýäni sil bolup akdym. Bu gün hakykaty diýsem eneme Ynananok:" Heý, diliñden al kaksyn!" Aýtmasam, ömürboýy günäli, Aýtsamam, ynandyrmaz enäni. ...Uruş! Neneñ dözdüñ çaga egnime Otdan elhenç, dagdan agyr günäni. | |
|
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |