12:47 Sary güýz | |
SARY GÜÝZ
Sary güýzüm, saňa kän garaşdym men, Eger-de aňlasaň ýetikdir derdim. Şoň üçünem, ýapraklaryň sypalap, Bu gün saňa içim dökmäge geldim. Çünki senden özgä derdim aýtmaga, Meniň ýüregimde hiç bir isleg ýok. Geňleme sen meniň bu ahwalymy, Saňa aýdaýmasam karar tapamok. Diňleseň syrdan doly ýüregmi, Bu gün uly höwes bilen açaýyn. Sende biraz gama batýanam bolsam Men sende görýärin bagtyň açaryn. Sary güýzüm, menden özgeleriň hem, Bilýärin men, syrlaryny dökýänin. Biziň halymyza gynanyp ýa-da, Ýere sary ýapraklaryň dökýäňmi? Sadap MUHAMOWA. | |
|
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |