22:28 Sary şemal | |
SARY ŞEMAL
Maşyna mündüň-de, ýeňledi kelläň, Kelläň öň ýeňildi, Göwräň ýeňledi. Ärlidigiňi unutdyň, Has beterem ruldaky oturan Inçemik ýigidiň bir gözel gelniň Äridigni unutdyň, Çagalarny, Çagalarňy unutdyň. Ýeňil maşyn ýaly ýeňlän kelläňem Duýmady gerdenňe düşýän agramy. Çagalaň içinde, Äriň ýanynda Ýene müýnsüz garşyladyň agşamy. Keseki göründi öz äriň saňa, Çagalaryň saňa göründi özge. Sebäbi başganyň suraty bardy Şar gara gözde. Arman ony çagalaryň görmedi, Bihabar är asla ünsem bermedi. Düşek ýazdyň, Siz üç bolup ýatdyňyz Iki adamlyk düşekde… …Sary şemal sygyryp ýör üçekde! Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |