20:03

Saryklar

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 1872 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Agageldi Allanazarow | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 16
0
1 miracle  
503
dowamyny nireden okap bolor?

0
2 Hаwеrаn  
245
Agageldi agadan alan elektron kitaplarymyñ arasynda bar eken, makala doly yazylyp gutarylman eken... şonda-da okyjylar u.n gyzykly bolar diyp goyupdyk..
Yaşulydan yene sorap göreris, dynan bolsa yzyny goyayarys..

0
4 miracle  
503
hawa, kop sagbolun

0
3 Hаwеrаn  
245
Bu makalañ diñe dowamy dal, bizde paylaşylan başky bolegine-de başga yerde duş gelen dalsiñiz.. )

1
5 yazlyseyidow58  
863
Tatarlar saryk diýip goýuna aýdýarlar. Türkmeniň bir taýpasyna “teke“ diýip at dakylan bolsa näme üçin saryklaryň çarwadarlygyny göz öňünde tutup “goýun” ýagny saryk dakyp hem bilinmezmi ?
Saryýagyzlyk türkmeniň diňe bir saryk taýpasyna mahsusmy ? Saryýagyzlyk ähli türkmen taýpalaryna we Siziň belleýşiňiz ýaly köp halklara hem mahsus.
Siziň getiren adam atlarňyzda “ar” sözi däl-de “arna” sözi köp gabat gelýär.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde “arna” sözi “derýanyň özünden aýrylyp, ýene şoňa goşulýan goly” diýip görkezlen. Eger-de saryklarmyzyň Çärjewiň gapdalynda oturumly bolandygyny ýatlasak hemme zat ýerbe-ýer bolýar. Türkmeniň suwy ýüzüne sylyp mukaddes hasap etmegi bilen Derýageldi, Derýaguly we ş.m. at dakyşy ýaly “arna” sözi bilen bagly atlar hem şol yryma uýup dakylyp biliner.
Biziň düşünşimize görä Agageldi, Agamyrat, Agaberdi atlar, aradan çykan merhum, özünden uly erkek doganyň hormatyna ady dakylýar.
Türkmen hanlary we serdarlary. A.:Türkmenistan Ylymlar Akademiýasy “Ensiklopediýa” neşirýaty, 1992.: “Musulmanlara Çingizden (Temüçin, Jeňgiz) hem on esse zyýat zowal ýetiren patyşa Teýmirleň (Teýmir agsak – ölmeziniň öňüsyralarynda musulmançylygy kabul edýär) Garagumuň üsti bilen Köneurgenje we Bedirkende geçmekçi bolanda, Aman han Döwletýar beg oglunyň baştutanlygyndaky teke türkmenleri uly uruş edýärler, edil Gökdepe (gala) urşundaky ýaly söweşip gyrylýarlar. Soňra Teýmirleň ol ýerleri basyp alansoň, külli tekäni tüketmek maksady bilen olary Hytaý serhedindäki ot-çöp bitmeýän, tozanly, ýel öwsüp ýatan şor ýere — Taklamekana (Hytaýyň günbataryndaky çöllük ýer) sürgün edýär. Tekeler bu kapyryň gazabyna uçrap, Taklamekanda, Nurgarabaýyr dagynda, Kermenede (Özbegistanyň häzirki Nowaýy şäheriniň sebitleri), Kelif-Uzboýuň ( Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Kelif obasyndan Mary welaýatynyň Repetek demir ýol bekedi aralykda) ýakasynda, Artguýuda (Owganystanda), umuman, dört asyra golaý ýurdundan aýraçylykda ýaşaýarlar.” “. Şirgazy hanyň söwer dosty Döwletmämmet Düýegöz aga Şirgazy (1715-1723 ýyllarda Hywa hany) handan ygtyýar alyp, 1719-njy ýylda külli tekäni Wasa göçürip getirýär.” Ýagny Siziň bir hany gepledip ýazyşyňyz ýaly däl-de tekeler watan goragynda asgyn düşeni üçin mejbury Siziň aýtmyşyňyza görä “kowlup, talanup, atylypdyrlar”.

Şirgazy hanyň sözleriniň toslamadygy bir mysaldan aňsa bolýar.Ýagny ”Häzirem olar Hytaýlylaň zarbyna çydaman, özlerine girere deşik gözleýärler” diýen sözlere görä tekeler Wasa gaýtmazynyň öň ýanynda Hytaýyň gapdalynda Taklamekanda ýaşap ýören bolýar. Ýöne olar dolanyp gelýänçäler ýene ýokarda agzalşyna görä Taklamekandan soňra dört ýerde mesgen tutupdyrlar.
Arnaseýit pir diýip atlandyrylýan şahs taryhy eserlerde gabat gelýänmi?.

“Indi olar gelende görersiň, ol baýdak boýly bugdaýreňk dag bölegi ýaly tekäňä ýokdur, indi olaň ýerine gözleri bitdik elek hytaý ýüz hem hindilere meňzeş saraýagyz (Hindiler saryýagyz?)
adamlary görersiň.”
Wenger syýahatçysy Arseniý Wamberi: “..... Teke adam adaty uzyn boýly: kelte boýlysy seýrek. Syratly göwreli, giň gerdenli we döşli, gollarynyň penjesi kiçi we aýagy kiçi; ýüzi dogry sypatly we gowy süýrümtik. Saryýagyz, dogry gyýylan gök gözli, seýle hem tekeleriň belli bölegi gara saçly garamtyl-goňur reňk gözli. Olar aziýaly sypata meňzemeýärler, gaýtam pähimli rimlilere meňzeşdirler we eger-de uly telpekleri we uzyn donlary (elmydama gyzyl gara reňkli) bolmasa aziýaly diýmek mümkin hem bolmazdy......
“Ýöne ol ýene-de Arnaseýit pire: Atam getirseňem-ä getir doganyňy welin ýöne soňra özüňem gaçjak ýeriňi peýläp goýaweri.” Bu Sözleriňiz, Seljuklar Amyderýadan geçip mesgen tutmaga Mahmyt Gaznalydan rugsat soranlarynda, Mahmyt Gaznala weziriniň aýdan sözlerini gaýtalaýar.

0
6 Sergezzan  
707
Tatarlar saryk diyip goyuna aytyan bolsalar, onda saryklar bilen goyunlar ikisi bir tohumdan bolyar

0
7 yazlyseyidow58  
863
Gep tohumda däl, tiräň taýpaň gün-güzerany üçin edýän işinde. Saryk doganlarmyz häzirem goýun geçini esasy ösdürýänleriň biri ahyry. Goýun diýilse goýuna meňzedip dälde goýundar many bolmagy mümkin.

0
8 Sergezzan  
707
Goyun bolman çopan ekenda, meniň ucin bolsa ikisem shol bir zat

0
9 Gülsüm  
430
Gopal näme diýmek

0
11 bbaygeldi  
843
Gopal gedemiñ bir görnüşi... bu sözi Baýraçlylar, Pendililer, Akgaýalylar ulanýar (umuman Tagtabazar)

0
12 Haweran  
411
"Pylanyñ gop-gop edip (ýa-da güp-güp edip pañlaýşyn-aý) ýöräýşin-äý" diýýärler-ä, bizde-de. Gopal, gopalmak - gomal, gomalmak (güplemek) sözi bilenem hem manydaş, hem meñzeş.

0
13 bbaygeldi  
843
Olaram öz aralarynda weýler bilen jakgallara bölünýärler eken... meselem (gitjekgäl aytjakgäl... weý nirde bolduñ)...

0
10 Gülsüm  
430
Hindileriñ saryýagyzy barmyka? Makala gowam welin, käbir ýerlerinde ynandyryjy faktlar ýok

0
14 Spring  
859
Saryklarda Arna (a:t goşulmasy) adam atlarynda köp gabat gelýär. Mes: Arnageldi, Arnamyrat, Arnagül, Arnajemal....

0
15 bbaygeldi  
843
Siziñ ol arna diýýäniñiz Lebap tarapda dakylýar. Arna bolsa derýadan bir ýap akyp gaýdyp ýene şol derýa guýýan bolsa aýdylýar. Мurgap derýasynda bolsa arna yok bolaýmasa. Ýok saýtdaş men-ä gabat gelmedim, bolmasa ömrümiñ 5 aýy şol ýerde geçdi... olarda köp gabat gelýän atlar. Akmyrat, Agamyrat, Sahymyrat, Аşym, Naýyp, Aýlar, Аýtokar, Aýnowça, Aýparça...

0
16 yazlyseyidow58  
863
“Haçanda Buhar hany Welnamy Eýranyň elinden Merwi (1778-nji ýyllarda) alanda ol Baýramaly hany syndyryp onuň ýerini türkmeniň Saryk tiresiniň wekillerine peşgeş bermegidir.”
1. 18-19 asyrlarda ýaşap geçen pars taryhçysy we syýahatçysy Mir Ahmet Buharalynyň “Orta Aziýanyň taryhy” atly kitabynda ýazyşyna görä Şamyrat Welnamy 1785-1800 ýyllar aralygynda Buhara emiri bolan. Onuň Merwi syndyrmagy hem 1778-nji ýyllarda dälde 1785-nji ýylda , ýagny emirlik döwriniň ilkinji ýylynda bolupdyr.
2. Merwiň üstünde Buhara emirligi, Hywa hanlygy, Eýran şalygy aralarynda öň hem ençeme gezek söweşler bolan. Özbek emiri Şamyrat Welnamy hem Merwi gören düýşi üçin dälde, özüne bakna etmek üçin bir türkmen taýpasyny (Eýrana degişli gajar türkmenlerini) gyrgyna berip, olary watanyndan aýyryp, Hywa sürgün edip, başga bir türkmen tirelerini olaryň ýerine göçürip getiripdir. Özem diňe bir saryklary hem däl-de salyrlary hem getiripdir. Onuň bu hereketi mes toprakly Merwe özüne bakna ilaty getirip, ol çäkden ýygnalýan salgytlary artdyrmak we Merwde öz dikmeleri Baýramaly hany we onuň ilatynyň ýok edilmegi sebäpli Eýrandan howp abanar gorky bilen gorag üçin araçy ýerleri döretmek bolandyr. Gajar türkmenlerini Merwden gysyp çykarmakda Buhara emiri saryklaryň we salyrlaryň güýçlerine hem daýanypdyr.
3. “Çeşmeler ol döwür Ärsary babanyň töwereginde galan sarylaryň gelenlerinde mata-pamyk geýimleri oňly bilmän deri geýimlerde gelendiklerini”
Şeýle ajaýyp halylary, haly önümlerini dokan ärsarylaryň gel-gel mata dokap bilmeýişlerini diýsene?!.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]