12:51 Sen Eýran bol!.. | |
SEN EÝRAN BOL!..
Serhoşyñ men, nädip galsam aýagma, Yşk şerabyñ doldy, köñül bulgurma. Sen Eýran bol, menem Şasy bolaýyn, Ýowuz Soltan Selim gelsin üstüme! Şeýle bir güýji bar yşkyñ berdigi, Derýada damjadyr aklyñ erdigi. Perileriñ, melekleriñ gerdigi, Galkansyñ, ganatsyñ, golsuñ üstüme. Alynyñ gylyjy elimde durka, Welileñ dogasy dilimde durka, Durmasyn, garşyma çyksynlar ýekä, Leşger goşunlaryn salsyn üstüme... Ýat eller degäýse gaşyña seniñ, Ölerin çykmaryn garşyña seniñ. Zyýan ýetiräýsem daşyña seniñ, Ýezidiñ webaly galsyn üstüme... Jemal SAFY. | |
|
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |