17:39 Seni ýitiren günüm... | |
Italmaz NURYÝEW
▶ Seni ýitiren günüm. Seni ýitiren günüm Nähili gündi?! Şol güne men düşünemok şindizem. Bulut gelip, Günüñ öñün örtensoñ, Gijä çalym edip durdy gündizem. Wah, ýogsam gyş günem däldi-le ol gün, Ol gün adaty bir günüdi güýzüñ. Ýöne nämüçindir eşitmeýärdim, Hemişeki bagşy guşlañ owazyn. Nirdedir bir ýerde, irmän çalynýan Dutaryñ owazam gelýärdi güñleç. Adamlañ ýüzünde, gygyrsalar-da, Ne-hä buýsanç bardy, Ne-de bir gynanç. Uçup ýören arzuwlarym- ak guşlam Gara bulduñ añyrsynda aýlanyp, Geçip bilmän, Perwaz urup ýördüler... A men bolsam, durdum diñe oýlanyp. Bir görsem, Köwüşmi-zerden ýasalan, Jadyly gaýgyñy kürekläp sen hem Gözýetime-deñze siñip barýardyñ. Barýardyñ nokada öwrülip kem-kem, Ne yzyñdan garaýardym gaharly, Ne çeksem diýýärdim ükenmez näziñ. Alasarmyk bolup, Walla añk bolup, Durdum bir özüm... Ilkinji söýgimi ýitiren günüm, Nähili gündi?! Şol güne men düşünemok şindizem. | |
|
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||