17:18 Senuñ aslyñ guş bolmaly... | |
SENIÑ ASLYÑ GUŞ BOLMALY...
Seniñ aslyñ guş bolmaly adamzat, Seniñ didäñ belentlige intizar. Durmuş labyryndan çöken göwünem Asmana galmaga, uçmaga dyzar. Düýpsüz giñişlige bakýar gözleriñ, Ýatan mahalyñ sen sallançakda-da. Maýyl bolup bakýañ Aýyñ keşbine, Many ogurlaýañ çawuş çaksa-da. Gözýetimiñ örüsini giñeldýäñ, Ilki emedekläp, soñra ör turup. Arzuwlaýañ belent daglañ başyny, Häzir ak alañlañ üstünde durup. Ähli zatda belentlige ymtylýas, Munuñ üçin mydam çekilýär azap. Maýyl bolup hasam belentden beýge Duýgy gün berenok beýnini gazap. Bir-birekden belent boljak bolýarys Gerek bolsa onuñ bahasyn töläp. Özümizden belent boljak bolýakak, Duýamzok biz gaýta bolýarys heläk. ...Ýöne geñ zat, Ömrüñ çür başyna çykan mahaly, O kişini hökman tutup ýykýalar. Arşy arzuw edip gezeni üçin, Gara ýeriñ çuñ göwsüne dykýalar. | |
|
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |