00:06 Diýerdi: "Undaly dünýäñ derdini"... | |
Kalbyndan kalbyma akan bir sesdi,
Gijän sayasynda çaglayan ol suw.. Sesini iñ şirin ýerinde kesdi Bizi bakylyga baglaýan ol suw.. Kükreginde bir kümüş ay ýuwunyp, Hiñlenerdi gõyä gizlin syr bolup, Bizi bolsa Leylidir-Mejnun saýyp, Gamgyn ýolumyzda aglaýan ol suw... Sessiz ruhumyzy bezärdi her dem, Diýerdi: "undaly dünýaniñ derdin!" Birin aldy, soñra berdi müñ derdin, Bizi bizden artyk añlaýan ol suw.. Indi gije-de ýok, ses ýok, çeşme ýok, Õzge ýurda düşdük, geldi aýralyk, Çagşan mermer ýaly bolduk jaýrylyp, Ruha zäher ýaly garylan, ol suw... Kalbyñdan kalbyma akýan bir sesdi, Gijäñ kõlgesinde saýalan ol suw... Owazyn in şirin ýerinde kesdi Bizi bakylyga baglaýan, ol suw.. Süküfe Nihal BAŞAR Terjime eden: Kalba Nur | |
|
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |