20:26 Seýilgähdäki ahwal | |
SEÝILGÄHDE
Seýilgäh. Ýüregi suwluja baglar, Guşlary bagryna basmaga taýyn. Şeýle bir köz reňkli gülleri bardyr, Hatda oňa gözi degäýjek Aýyň. Bir-biregiň elin gysan agaçlaň başynda bar ýaly söýgi heseri. Öňküden has dili süýji guşlaryň, Owazyna gulagymy keserin. Dem alsaň demiňe heser ýetişer, Janyň süýjäberer, süýjär diliňem. Bir-birini gözi bilen gujaklan aşyklar hem meňzär yşkyň gülüne. Üstünden gül ysy gelýän bu ýerler, Bu yşkbaz başymy aýlaýjak bolýar. Seýilgäh... Gül, baglar, ýigit hem-de gyz, Gözlem bilen ony ýuwdaýjak bolýan. Men oty:ryn yşka başymy büräp, Güller maňa öz goýnundan berdi ýer. ...Ýanymda hem kebelegi kowalap, Oglum bilen gyzym oýnap ýördüler.. Goçmyrat Orazberdiýew | |
|
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýasama gül / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |