20:45 Skripkaçy gyza | |
Skripkaçy gyza
Şygyrýetden belent zat ýokdur öýdüp, Ýördüm ýöne bu babatda ozdurduñ. Näzik sazyñ iñ inçesin çalyp sen, Jigerimi paraladyñ, tozdurdyñ. Derdimiñ üstünü dert goşma çäksiz, Meniñ üçin öñki derdim ýetikdi, Duýgularyñ jamy püre-pür dolup, agjak bolup añry çäge ýetipdi. Sazyñ gudratyndan duýgy kütelip, Saýgaryp bilemok agy-garany Melhem bolarmyka diýipdiñ, ýöne owaz dyrmalaýar biten ýaramy. Mukam kalba siñýär damar yzarlap, Tutulan deý beden ojar közüne, Giden ýardan habar alaýyn diýsem, men gelip bilemok entek özüme. Hantama men ýitirenmi tapmaga, Umydy üzemok ýarymdan şindem. Dartylan duýgular üzüljek bolýar, Parhy ýok señ saz guralyñ kirşinden. Agdar düñder boldy meñ içki dünýäm, Goşuldy täze dert, oýandy köne. Boldy edäý, keýgim, bes edäý indi, Syhap alaýdyñ ýöne... Orazguly Annaýew. | |
|
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |