SOWAL
Ömür bilen ýyl içinden ýol ýasap,
Geçen menzilleri, belki bihasap,
Ak gülli ýaglygmy gysymlap, ogşap,
Geçip giden şol ýigidi gördüňmi?
Jana-jan bolmadyk, utandyk ýördük,
Umytlar gyrylan, arzuwlar göýdük,
Sataşan gyzlara menmikäm öýdüp,
Habar gatan şol ýigidi gördüňmi?
Tapmadym dag-düzüň belent-pesinde,
Hiç şatlyk ýok eşidilmeýän sesimde,
Hamsygyp ykbalyň geçelgesinden
Geçip giden şol ýigidi gördüňmi?
Zar edip özüne nesipli yşkyn,
Uzakdan gözleýip söýginiň müşkün,
Ýürekde hasratyn, gözümde keşbin,
Goýup giden şol ýigidi gördüňmi?
■ HASRAT
Ukudan oýanan bäbejik ýaly,
Duýgularym öz içimde yzlaýar.
Ykbal ýene endigine atlanyp,
Öýkäň ýeňsesinden ömri yzlaýar.
Garaşyp ýatan deý hyýallaň bary,
Jar çekýär dünýäme seniň gideniň.
Bähbit diýdim, sabyr etdim zoraýak,
Bu maňa däl, özüňe bor edeniň.
Ýakasy kirlenen hakydalary
Gözýaş ýuwmaz, kabul etseň, etmeseň...
Göwnüň ak guşundan namalar ýollap,
Könelişen ýarama duz sepme sen.
Geçmişe ýolladyk bile yşkymyz,
Söýsegem, ýazgyda kaýyldyk başda.
Oýlan, eziz görüp birek-biregi,
Ne tapdyk, aýtsana, hasratdan başga?!
■ HYÝALY PERWAZ
Bir ädim ät maňa tarap,
Ýazylsyn öýkeli göwün.
Gel, degşen bol, göz güldürip,
Biraz aýna özüň öwüp.
Günleri söýgä büräýin,
Tut golumdan, bagtly ýaşa.
Utandyr bakyşyň bilen,
Näz edäýsem çakdanaşa.
Didaryňy kese sowup,
Görmezden geçseň deňimden.
Söz gataryn bälçiksiräp,
Gülüp gelerin emiňden.
Ykbal, şu gün has üýtgeşik,
Saldym men boýnuňa tanap.
Kalp owazym duýar ýaly,
Bir ädim ät maňa tarap.
* * *
Dogry,
Men saňa üýtgeşik mähir bermedim,
«Söýýän» diýseň, «Diýme» diýdim eljiräp.
Duşuşyga çagyraňda tersleşdim,
Kejirligim boldy gitmegňe sebäp.
Dogry,
Paýlaşmadyk agyr günde derdimiz,
Jismim aljyrady, kalbym tebsiräp.
Aýnadym, oýnadym gereklenemde,
Gedemligim boldy gitmegňe sebäp.
Dogry,
Perwaýsyz bolanam bolmagym ahmal,
Çog bolup ýanmadym, näz edip eräp,
Gülsem, «Güldüň» diýip, kimden gysgandyň,
Alçaklygym boldy gitmegňe sebäp.
Dogry,
Belki, ykbal, belki, ahwal, kim bilsin,
Ýaýmadym, ýazmadym gursagmy eläp...
Geçeni geçdi bil, ýöne hiç haçan,
Yza dolanmaga gözleme sebäp.
* * *
Ýar wysaly ömre menek,
Ters aýlandy çarhypelek,
Küýümde köýen janserek,
Ses-sedasyz dymdyň gitdiň.
Hat goýardyň her geleňde,
Arman bolduň didelemde,
Bagrymy daglap güleňde,
Oda-köze zyňdyň gitdiň.
Gezerin müň hyýal gurup,
Aglasam ne, jöwlan urup,
Ýatlaýansyň durup-durup,
Yşk-peýmanyn undup gitdiň.
Saklap ýörün hakydamda,
Saklap ýörmüň hakydaňda,
Yzany yşkdan datdym-la,
Men ýeňmedim, ýeňdiň gitdiň.
* * *
Yşkmy meni jadylaýan,
Bagtmy meni hüwdüleýän?!
Ýüzleşdirip geçmiş bilen,
Sala salyp etmiş bilen,
Ömrümde ýok-la sazlaşyk,
Duýgularym ýör azaşyp,
Ýaňsylaýar pikirlerim,
Gussany köp çekdirseňem,
Göwne kine getirmerin.
Meger yrap ylham salym,
Boljak bolýansyň-la zalym.
Kän çekdim gaýgynyň ýükün,
Üzüp bilmedim men ýüpün.
Söýülmekmi ýa başga zat,
Duýup bilmedim bada-bat.
Bagt geçdi söygä atlanyp,
Ähli zat galdy gatlanyp.
Sara meni ýumagyňa,
Heseriňe garylaýyn,
Çydaman göz ýummagyňa.
Arzuwlam garylyp dünýä,
Bolşumam täsin görünýä...
Sen baryny geňleseňem,
Hasratyňdan ýeňleseňem,
Öçer bu älemiň reňki,
Men bolmaryn ýene seňki.
Seçip özgeleň bagtyna,
Gussa berýärler nagtyna.
Uklap galan umytlarym,
Asla sizi unutmaryn.
Ýüregim doňsa-da baky,
Bagtmy meni hüwdüleýän,
Yşkmy meni jadylaýan?!
Entek-entek däl bu aýan.
* * *
Eý, meniň göwni göwherim,
Ylhamdan aby-köwserim.
Içip dideleňden gana,
Has kämil garadym pana.
Sensiz gussa ulaşar men,
Ýanymda ömürlik eglen.
Köňül berbat, sabyrym bar,
Bu älemi eýleýip dar.
Bas bagryňa syzyp derdim,
Tänip takdyra ten bersem.
Aňla meniň dilsiz yşkym,
Gaýyp, alyslara uçsam.
Ýaragym — söz, durmuş — tagma,
Men wepa islegen Ragna.
Ne söýgä sataşdym, bilmen,
Zalym pelek dymma, dillen!
Binesipmi gara maňlaý,
Köre döndüm aglaý-aglaý.
Yşkymam, bagtymam özüň
Ylhamdan aby-köwserim,
Gel, meniň göwni göwherim!
Ogulmenli ÝARAŞOWA.