13:40 Söz bermän gitmek | |
SÖZ BERMÄN GITMEK
- Gitjekmi? Aý, bolýar, ynsap özüňki, Adamy tär bilen saklamak nädürs. Ýollar özgerse-de, a men şol öňki, Durmuş adamlary üýtgedýär nädip? Niçün bir-birekden gaçýar adamlar, Adamlara şeýlebir bagt ýetenok. Milliardlar armanly gijeler-daňlar, Gürleşmäge gaýrat hem wagt ýetenok. Öwrenşilen ýagy gitse-de agyr, Gitseň git, soň gelme aýlanyp birden. Ruhum ardy, ýedi müň ýyl usurgap, Men halys ýadadym aýralyklardan. Otuz ýedi ýyllyk azabym ýatyr, Armanly-biarman öten ömrümde. Arzuwlarym otyr, azarym ýatyr Hyrçyn dişlän, dilin çeýnän göwnümde. Milliardlar geçipdir.., Wada nä, ant nä, Kim gönendi çekip kasamyň derdin. Gitjekmi? Ýol bolsun, yzyňa gaýtma, Öz sözümde durup men näme gördüm. Adamlary görseň, olara aýtgyn, Söz ýarasy iki dünýe bitenok. Söz bermän gidenler yzyna gaýtsyn, Adamlara şeýlebir söz ýetenok. Seýitmyrat Geldiýew | |
|
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |