20:27 Sumbar gözelligi | |
SUMBAR GÖZELLIGI
Alyslardan alyp tämiz gözbaşy Dury suwly Sumbar akýar dereden. Düşäpdir ownukly-irili daşyn, Daglar kenar bolup iki gyradan. "Daşy ýaryp gaýnap çykan çeşmeler", Dereden ýol ýasap goşular derýa. Zehin goýup çekilen deý keşdeler, Böwürslen kenara gözellik berýä. Deräñ ir-iýmişli belent baglary Daglañ bili bilen boýnuny deñläp, Tolkunlañ kenara uran çaglary, Lezzet alýar derýañ mukamyn diñläp. Şemala yransa baglaryñ başy, Töwerek-daşyna ünjüli garap. Käkilikler peýläp gaýany-daşy, Saýrap suwa geler perini darap. Asyrlañ şaýady gojaman daglar, Gujagyna gysyp Sumbar derýany. Goýnundaky gözellige guwanyp, Belentlikden synlap otyr deräni. Setdar ABDYÝEW. | |
|
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ýasama gül / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |