13:46 Sür atyňy!.. | |
■ SÜR ATYŇY!
Sür atyňy, Gorguna däl, gamçylap, Çawy galsyn bedeninde bedewiň. Häzir munda säginere pursat ýok, Çüw atym, çüw, Ýar garaşýar, gör ahyr, Saýasynda şol gadymy söwüdiň. Gözüňden däl, Toýnagyňdan ot çyksyn, Şemallar gol bulap galsyn yzyňda. Ýar garaşýar, Çapa-çapa uç ahyr, Goý, arman galmasyn türkmen düzünde. Gyrmyzy köz bolup ýanyp dur güller, Al ýaňak, nar ýaňak ýara ýaraşyk. Biz olardan çemen baglap ýüzugra, Guwşuraly - saýasynda söwüdiň, Duran gyza - ikimize garaşyp. Gowşur meni köşek gözli dilbere, Soň sen unudarsyň gamçyň çawyny. (Hyýaly gyz söýse, şarpyk çalarmyş, Öpen ýigide ýeten wagty göwni). Sen meniň sözüme, Söýen gözüme, Düşünýärsiň, gamyş gulak bedewim. Bilýän bagyşlarsyň gamçyň çawyny, Gören çagyň ýar ýaňagyn öpenim. ■ KÖNE GÜZER Bu dünýäniň baky asudalygy bolup görünen gar penje-penjedi. Perişan halyma gyýylan şemal Poslap giden duýgulary gorjady. Gel, söhbet edeli söýgi hakynda, Gulak gabardanlaň agzy suwarsyn. Lebiň ballaryny ezip içibem, Galandar başyma şol gurşap ýörşüm. Maňa bu jepadan dynma ýok borly, Ýogsam güýzän ömür barha agarýar. Ýalňyz wagtym ýatlamalar kökeni Şol köne güzere suwa çagyrýar. Hojaberdi BAÝRAMOW. # "Garagum" žurnaly, N"2, 2012 ý. | |
|
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |