21:50 Syrdaş | |
SYRDAŞ
Gör-ha, ýene-de köňlüme Duýgy doldy del-düregeý. Ýetiş sen meniň dadyma, Däli dünýäm düldüregeý. Göwnüm al, köşeşdir meni, Gel, yzyňa dolan-da, ýar! Sen dönäý yzyňa, gowsy... Ýyllary özüň tanaýaň, Olar-a hiç dolanmaýar. Gel! Şu gün gel, Senden başga Em etjek ýok bu derdime. Gursagyma ataş düşüp, Kyrk kelleli aždarha deý Salyplar aldym-berdime, Ýürejigmi ýakyşyny Göwnümiň ak guşa dönüp, Ertir-agşam depäň üzre Irmän, ganat kakyşyny... Baryny gürrüň bereyin. Şu gün gel, Dolan yzyňa! Diýme: "Soň bir gün baraýyn!" Aýyplaşma gezek bermän Sözlesem, sözüm kesmesem... Ha bagtym, Ha-da armanym, Şu gün gel-de, Soňra gaýdyp Hiç haçan gelme, isleseň! ...Ýene ýola gözüm dikdim, Isläp bir senden dalda, ýar! Gel, Şu gün gel, ýetiş dada! Şu gün gelmeseň bolmaýar. Kakamyrat REJEBOW. | |
|
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |