19:34 Topragyñ ysy | |
TOPRAGYÑ YSY
Señ bilen paýlaşsam egsildi gussam, Elmydama senden tapdym teselli. Çyrpynyp-çyrpynyp bahar gelende, Derde derman bolduñ, derdim peseldi. Giñ asmanda turuzanda zenzele, Otly gylyç bulutlary saýgylap. Seniñ bilen kalbym açyp syrlaşdym, Sazaklaryñ pena edip, saýalap. Ýaşalan günleriñ aladalaryny, Gerdenimde çekdim, Gördüm eşretin. Özgelerden agtarmadym günäsin Ünjülermiñ ýürekdäki hesretiñ. Huzuryñda müýnüm duýsam kiçeldim, Päklik ahyr bu durmuşyñ sakasy. Geçen Gün däl, ömrüñ manysy bilen Kesgitlenermiş ynsan bahasy. Göwni hoş, Käte boş geçen günlermiñ, Ömür kitabyny sahapma-sahap Açýan, eziz toprak, alnyñda seniñ Ýatlamalar juda kändir bihasap. Ýaşap ýörün bu jahanda yzarlap, Saña siñen yhlaslaryñ yzyny. Öz-özümden razy bolup buýsanýan, Duýdum seniñ mähir siñen ysyñy. * * * Baharyña muşdak boluşym deýin, Garly gyş säherem özüñe çekdiñ. Burjy baglan ak sazaklañ suratyn Diñe şygyr bilen kagyza çekdim. Ak çägänin ak garynda yz goýup, Ýöredim, diýdiler: "gitme sowukdyr. Güneş, gör, kimlerden edipdir kine, Belki, şonuñ üçin ýüzün sowupdyr". Säher päkligiñe päkligiñ garyp, Aýaz ýere buzly zerin çaýypdyr. Towşanlañ yzyny ýygnamandyr gar Olar täsin ýoda bolup galypdyr. Depeler uklapdyr garly ýorganda, Sazaklaram hüwdüleýär daña deñ. Sähram, seniñ gara çümen keşbiñi, Ýadaw ula giden enä deñedim. Ýüzümde eredip gar uçganagyn, Bagra basdym bu sähranyñ yhlasyn. Ýylatdym demime sazak pürlerin, Hem diñledim gargalaryñ gowgasyn. Baharyña muşdak boluşym deýin, Bu garly gyşda-da özüñe çekdiñ. Burjy baglan ak sazaklañ suratyn Diñe şygyr bilen ýüregme çekdim. Miwe TUWAKBAÝEWA. | |
|
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Döwrebap goşgy / Goşgular - 05.06.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Darkaşnama / Goşgular - 28.05.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |