20:51 Türkmen Alabaýy: geçmişe nazar we ýeñişleriñ hyjuwy | |
TÜRKMEN ALABAÝY: geçmişe nazar we ýeňişleriň hyjuwy
Türkmenler müňýyllyklaryň dowamynda seçgiçilik kesbi bilen uçarganat bedewleri, batyr alabaýy, çydamly düýeleri, algyr aw tazylary, saryja goýunlary bakyp-bejerip kemala getirdi. Ata-babalarymyz alabaýa mähir we sylag-sarpa bilen garapdyr. Alabaýyň tohumynyň arassa saklanmagy, terbiýesiniň kemsiz ýetirilmegi üçin müňýyllyklaryň dowamynda yhlas-zähmetini gaýgyrmandyr. Itleriň örän gadymy döwürlerde eldekileşdirilendigine ýurdumyzyň çägindäki arheologiýa ýadygärliklerinde duş gelýän tapyndylar subut edýär. Gadymy Jeýtun obasyndan b.e.öň I müňýyllyga degişli itiň ystyhany ýüze çykarylýar, onuň ägirt uly kellesi türkmenleriň ata-babalarynyň şol döwürde örän uly itlere eýe bolandygyna şaýatlyk edýär. Paleontologlaryň (gazylyp tapylýan, daşa öwrülen haýwanlary we ösümlikleri öwrenýän alymlar) pikirine görä, öz aralarynda görnüşleri boýunça biri-birine örän ýakyn bolan ýerli itleriň dürli görnüşleriniň çaknyşdyrylmagy netijesinde b.e.öň III-II müňýyllyklarda Türkmenistanyň çäginde tohum iti ýetişdirilipdir. Ol it häzirki wagtda alabaý ady bilen mälimdir. Altyndepäniň obalarynda eneolit, irki we ösen bürünç eýýamynyň medeni gatlaklaryndan iri we ortaça ululykdaky döşli, gysga tumşukly we ägirt uly kelleli itlere degişli süňk bölekleriniň onlarçasy tapyldy. Ol ýerde tapylan heýkeljiklerde hem inedördül, daýaw, gysga tumşukly, berk bedenli itler şekillendirilipdir. Käbir heýkeljiklerde itleriň gulak-guýruklary örän yhlaslylyk we anyklyk bilen ýasalypdyr. Olaryň gysgaldylandygy mesaňa görünýär. Bu däp biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Hun türkmenleri gözi açylmadyk güjükleri eneleriniň emdirmeginden aýryp, olary öz elleri bilen iýmitlendiripdirler. Ulalan it özüniň ekleýjisini ýatda saklaýar we diňe oňa wepaly bolup hyzmat edipdir. Maldarçylygyň ösdürilmegi bilen ata-babalarymyz sürini goramak üçin ýaramly we uzak wagtlyk ýollary geçmäge ukyply bolan gadymy itleriň amatly görnüşini ýetişdiripdir. Alabaýyň şekilleri we heýkeljikleri diňe bir gadymy obalarda däl-de, antik we orta asyrlar eýýamynyň ýadygärliklerinde hem duş gelýär. Gäwirgalanyň tapyndylarynyň arasynda çopan itleriniň tapylan heýkeljikleri tapawutlanýar. Ýadygärlikden ýüze çykarylan, ala-ýaşyl palçykdan galyplanylyp ýasalan gaplaryň böleklerinde hüşgär gulakly uly itler aýdyň şekillendirilipdir. Şeýle şekil berlen heýkeljik Gäwirgalanyň «süýrümtik öýüniň» b.e.öň IV-VII asyrlaryndaky gatlaklaryndan tapyldy. Arheolog M.I.Filanowiç we sungaty öwreniji G.A.Pugaçenkowa ony aşaky arheologiki gatlaklardan geçirilen diýip hasaplaýar. 1982-nji ýylda Hazarekdepe (Lebap welaýatynda ýerleşýär) obasyndaky galanyň ýüz metr uzaklygyndaky gowaça meýdanyndan çopan itiniň heýkeljigi tapylypdyr. Ol el bilen açyk-goňur palçykdan ussatlyk bilen ýasalypdyr. Heýkeljigiň kellesinde we ýogyn boýnunda göni çyzyklar bilen çekilen çyzgylardaky gür tüýüniň yzlary alabaýyň umumylaşdyrylan şekilini berýär. Bu heýkeljik irki orta asyrlar döwründe taýýarlanypdyr we Amyderýanyň orta akymynyň bütin kenar boýunda alabaýy şekillendirýän ýeke-täk nusga bolup durýar. Alabaýlar syýahatçylaryň ünsüni özüne çekipdir. XIX asyryň ahyrlarynda fransuz serkerdesi Edgard Bulanže «Merwe syýahat» diýen işinde eýeleriniň ýok wagtynda türkmen gara öýleriniň içini görmek isleginiň dörändigi barada ýazýar. Ýöne öýüň töwereginde gezmeläp ýören haýbatly itleriň bolmagy, olara ep-esli aradan hormat bilen garamaga mejbur edýändigini, diňe aziýalylara tanyş bolan wepaly sakçylaryň göwnüni tapmagyň ýewropalylara kyn düşendigini belleýär. Professor S.N.Bogolýubskiý 1927-nji ýylda ilkinji bolup alabaýyň durmuş şertlerini we gurluşyny beýan edipdir. Ol alabaý itine ylmy nukdaýnazardan şeýle baha beripdir: «Türkmenistandaky itleri möjek görnüşli itlere ýakyn durýan itler diýip ýüzleý atlandyrmak bolmaz... Bular özboluşly itlerdir: guýrugy ýokaryk, sallanýan gulakly, giň tumşukly, uzyn aýakly, dürli görnüşli reňkli, dürli hilli köpek häsiýetli, düşbülikde gowy ösen we ş.m. Mese-mälim büküme eýe bolmadyk göni kellesi, ýiti dişleri, kellesiniň aşaky çanagy, güýçli penjeler tebigy seçip almagyň ajaýyp nusgasydyr. Bu sypatlar olaryň biziň has näzikleşdirilen iri medeni tohumlarymyza öwrülmegine mümkinçilik bermeýändigini görkezýär.». Türkmen alabaýlary geçen asyryň otuzynjy ýyllaryndan bäri sergilere gatnaşyp gelýär. 1964-nji ýylda Moskwada geçirilen gulluk itleriniň gözden geçirilişinde Aýna atly alabaý ýeňiji bolupdyr. 1971-nji ýylda Budapeştde (Wengriýa) geçirilen Bütindünýä sergisinde Garagöz atly alabaý «iň ýokary baha» eýe bolupdyr. Alabaýlaryň geçmişine nazar aýlasak, Ak Ýekemeniň, Gara Ýekemeniň, Goturyň, Garry Ýolbarsyň, Garakelläniň, Akguşuň we şuňa meňzeşleriň nesilleri meşhurlyga eýedir. Olaryň özi, şeýle hem olaryň köpsanly nesilleri it uruşlary boýunça ajaýyp söweşjeň sypatlary görkezip, birnäçe gezek tohum itleriň ýeňijileri boldular. Umuman, alabaýlar it uruşlaryna gatnaşmak bilen, söweşiň ajaýyp tärlerini we tilsimlerini görkezmegi başarýar. Şunuň ýaly itleriň söweşe taýýarlanyşy ýokary derejeli pälwanyň göreşe taýýarlanyşyna meňzeşdir. Söweşiň öň ýanynda itler aýratyn düzgünde saklanyp, ýokumly ýal bermek, endamyny owkalamak, ylgatmak, suwa düşürmek bilen idedilýär. Alabaý hiç bir howpdan heder etmeýän dogumly jandardyr. Ata-babalarymyza alabaý wepaly ýoldaş, ynamdar goragçy, duýgur sakçy bolup hyzmat edipdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ol ýeňşe bolan erk-islegi, gaýduwsyzlygy we hyjuwlylygy alamatlandyrýar. Bu wepaly itleriň kömeginden häzirki wagtda dost-doganlyk araçägimiziň goragynda hem peýdalanylýar. Olar türkmen serhetçilerine Döwlet serhedini goramakda wepaly, batyr, gaýduwsyz kömekçiler bolup ýardam berýärler. Bahar ŞAMÄMMEDOWA, TOHU-nyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |