14:16 Utulýandyr yşkyñ howalasynda... | |
Daňatar GALPAKOW
Utulýandyr yşkyň howalasynda, Tekepbirligini mertebe saýan. Öz nuruny saçyp asman gatynda, Daň atansoň gider delminen Aýam. Düşün, çägi bardyr sabyr-takadyň, Pelek saňa duran ýaly hamana. Seni ir altyda turzan sagadyň Soň ýedide gygyrjagy gümana. Düşünemok nämä garaşýanyňy, Wagt bize eýgertmeýär, durmaz ol. Gijigeňsoň gül açan ýaşlygmyzy, Äkider - gökde galgadyp durnalar. Hiç bir zady düzetmeýär puşmanyň, Sakgalam ezmezmiş soňky "neme-de"! Ýa-da isläp arzuwymyň paşmanyn, Zyňjakmy bar yhlasymy sebede ?! Hany sözlesene, ak diý, gara diý, Jogapsyz soraga kalbym oňmaýar. Duýgularmy ezýetleriň sarady, Haýyş, meniň bu derdimi soňla ýar. Kelam agyz ýagşy sözüň dünýäme Hem söýgüme ölmez-ýitmez bakylyk. Näzijek kalbyňa ok deý girmäge, Ýeterlikdir! Maňa birje çakylyk. | |
|
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |