00:15 Üýrüşlik | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
▶ ÜÝRÜŞLIK Obaň ortasynda giň meýdançada Men käte görýärin şo-ol tanyş oýny. Güjük taza bakan düw-düw dyzaýar, Garsa garpyşmaga ysanok bogny. Tazy bolsa düşünenok hiç zada, Ol güjügiň urýan azmyna haýran. "Men näme ýamanlyk etdimkäm oňa" Diýýän ýaly diňşirgenip dur haýwan. Bu ýagdaýa düşünmäni üçin-de Diňe dymmak bilen berýär gaýtawul. Bir gün güjük oňa pete-pet gelip Hyňrandy, diýýän dek: "Ýolumdan sowul!" Gulaklaryn gerdi pukara tazy, Sebäbi ýol-a giň, olam kiçijik. Şonda-da sowulyp ýol berdi oňa (Tazy üçin däldi bu bir kiçilik) Tazy-tazy, zat iýýäne meňzeş däl, Garny gasygyna ýelmeşip durdy. Güjük bolsa... wepadardy özüne: Hem-ä ýognaýardy, hemem üýrýärdi. Onuň bu bolşuny tazy janawer Tazy göwni bilen görýärdi gaty. Gözi bilen gepleýärdi: "Jan dogan, Menem ýat däl, özüňizden ahbeti". Güjük welin, edip güjükligini, Dyzaý-dyzaý, ýene boýnun düýrüp dur. Bu gün görsem - degnasyna degilen Toba, toba... Aw tazysam... üýrüp dur. | |
|
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |