19:37 Watan we wepadarlyk | |
Gaýry ýurda äkitdiler ebedi,
Garagumda dünýä inen güjügi. Äleme ýañ salan türkmeniñ iti Goramaly boldy özge ojagy. Bakyp-bejerdiler türkmenden zyýat, Öz ýaşaýan otagyna saldylar. Türkmen itleriniñ gylygyna ýat Zatlary añyna guýjak boldylar. Özge ruhy kabul etmedi añy, Hemme zada ol biperwaý bakýardy. Şir sypatly türkmen itiniñ gany Onuñ gyzgyn damarynda akýardy. Pişesini taşlap täze eýesi, Her hili iýmitden öńün doldurdy. Gelmedi hiç zady onuñ iýesi; Watanyny küýseýänin bildirdi. Eziz Watan, şeýle jadylymy sen, Gör, güjük göwnünde näme besläpdi: Awundyryp, gulak-guýrugun kesen Türkmen elniñ ýal bermegin isläpdi. Şyhymyrat Abdyllaýew. | |
|
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||