10:08

Ýagyş ýagýar

ÝAGYŞ ÝAGÝAR

Ýagyş ýagýar suw-sil edip dünýäni, 
Pyntygy ýaryldy agras duýgulaň. 
Sünnälenip ýasalypdyr bu Zemin, 
Göýä älem söýmek üçin buýrulan.

Ýagyş ýagýar. 
Asman dökýär içini. 
Ezilýär müşk ysly gara saçlarym. 
Kän garaşyp tebil tapan topraga, 
Syrygýar damjasy leýlisaçlaryň.

Göüň susagyndan guýulýar ýagyş, 
Ýagýar dynman. 
Goýarly däl hyýaly. 
Bu ýagyş asmanyň ýere söýgüsi, 
Ýagýar gögüň gözi deşilen ýaly.

Sadaka paýlaýar jomart asmanym, 
Erkinligne maýyl edip barlygy. 
Ýagyş deý syrygýan damjalar gözden
Aňlatmaýar gursagymyň darlygyn.

Sebäp asman meniň ýalňyz syrdaşym,
Lemmerlenip gelen tämiz gussamdyr. 
Söýgi derdin beren günäme tobam, 
Yşk odunda küle dönen kyssamdyr.

Haçan açar diýip asman gapysyn, 
Garaşyp saraldy gözümde agym. 
Ýa, sowuk kalplara tutaşdyrlykmy?! 
Gam çekip geçirdim gülmeli çagym.

Könelen duýgulam ýyrtyp çägini, 
Ezilýär ýagyşa heserlän deýin. 
Nuhuň kowmy kimin täze bir dünýä, 
Yşkyň gämisinde ýüzüp gideýin.

...Seniň gylygyňa çalymdaş Asman,
Dolýan ýaly sensiz günleň öwezin. 
Apy-tupan turzup guýan bu jala, 
Ýardy çişen duýgularmyň böwedin.

■ ARMANYM

Meň üçin ýene-de düşnüksiz bar zat, 
Ýene-de bu dünýä görünýär salgym. 
Neçüýn dymýar bütin barlyk sedasyz, 
Şowsuz synaglardan bar ýaly algym.

Tukatlyk gurşaýar bar töweregim, 
Düşünemok bu pelegiň oýnuna. 
Assyrynlyk bilen bakýar hileli, 
Bir ýowuzlyk goýmak üçin boýnuma.

Owaldan şeýlemi meniň kysmatym, 
Barmy maňlaýymda ýowuz synaglar. 
Ýagty gijeleriň öçürip yşkyn,
Ýer sermetdi hak iş üçin gynanlar.

Asmanam bu gezek öwürýär ýüzün, 
Meň bilen tersleşen ýaly hamala. 
Bu dymyşlyk alamaty nämäniň, 
Dartyp tala daňyp goýdy tamamy.

Men otyryn.
Gussa basýar egnimden, 
Göreçlermi ümezledip dumanda. 
Ses-seda ýok, dildüwşük nämeden, 
Şeýle bormy bütin barlyk dymanda.

Senden ýüz öwürse ýaşalan ýyllar, 
Ýüz öwürse ýagty gündizleň erki. 
Şal geýen gijeler ary köýen deý, 
Tagma basyp, harap etmekçi görki.

Ýöne asly halal ynsan bolaňda, 
Hakyň beren yşkyn salyp gursaga. 
Ynanar ekeniň ýagty günlere, 
Hötjet ykbal gamçylaplar ursa-da.

Armanymy alyslarda galanym, 
Ýa, duýanym ýüregimiň gussasyn. 
Bar zat ýerbe-ýerkä dünýä gargynan, 
Men bir ömrüň egni gysyk hassasy.

Belki duýandyr ol perişan halym, 
Belki-de görendir düýşde ahwalym. 
Ahmal, düýş bolubam gelendir ýokdan, 
Barlyk dünýäsine giren ykbalym.

Her näme-de bolsa diňdirip gussam, 
Oraşan düýşümiň geldi ýorgudy. 
Gün batyp barýarka kösenip asman, 
Öz-özünden taze dünýä dogurdy.

Ahyr tapdym hassalygyň dermanyn, 
Agras asman gaýdyp berdi armanym. 

■ GARAŞMAK

Iki dünýe arasynda kösenip, 
Ýola düşen umytlarym derdeser. 
Kä halatlar içim tutup gülmelem, 
Belki ýanan ýüregimiň derdidir.

Eýýam ençe aýlap çykamok ile, 
Synan göwnüm hoş sözüňe intizar.
A sen bolsa, diýýäň ýygralyk bilen. 
«Garaş, saňa aýdylmadyk sözlem bar!».

Alasarmyk düýşden bilmän oýanyp,
Ýaşamagyň derdi bolaýsa-da kän. 
Sen bilýäň-ä onki süňňüm hem ruhum,
Soňsuz synaglarda taplanyp bekän.

Onsaň senem dymýaň müýnüň bar ýaly,
Ömrüň tanapyndan çekeläp käte. 
Wah, diňe birine baglyka köňlüm, 
Dünýäň şowhunyndan bolýan dokmäde.

Ah, ýaşamak barýar uly bagt bolup, 
Ýogsa durmuş öňküligne akyp dur. 
Kalpda çeken suratyňy sypalap, 
Nemli gözlem ýollaryňa bakyp dur.

■ DIŇDIR MENI

Seredeýin ejabymy ýygşyryp, 
Çümeýin umman deý dideleriňe. 
Gündiz ýagtylygy edinip ýaran, 
Aglar ýürek pynhan gijelerine.

Seret indi baglam pyntyk ýarypdyr, 
Eşidiler durar bilbilleň sesi. 
Päklige toz gatman, etmän bisyrat, 
Ide meni, burk uranda gül ysy.

Ýa men köňül otagymda çaň basyp, 
Har bolan duýgulaň sübsegärimi? 
Başy aşak baglaryňam käteler, 
Unutma mähremlik küýseýänini.

Bagyşla, bu ahwal örtermi aýbym?! 
Boldum gussa höwür, yşkyň kenizi.
Bagtdanmy ýa kembagtlykdan, 
Kän aglaýan, diňdir meni, ezizim! 

■ SÄHER

Dünýäm girýär gujagyna terligiň, 
Zemine düşende säheriň çygy. 
Arşdan gelýän nura ýitirip ugrun, 
Pelegiň başynyň aýlanan çagy.

Men şeýle bir erkin duýýan özümi, 
Göýä bütin barlyk diňleýär sesim. 
Saçlarymy ysgan beýhuş şemalyň, 
Dyňzan söýgüsinden aýylýar essim.

Gussalam siňipdir ümürli daňa, 
Dünýäm geýdi iň eý görýän lybasyn. 
Şu pille men edil çaga mysaly, 
Ömrüň maňlaýyna düşse-de gasyn.

Alysdan eşdilýär ýakymly owaz, 
Köňüllere aram, tanyş çakylyk. 
Kabul eýläp zyýaratyn melekleň, 
Gowulyga garaşyp dur bakylyk.

Meni eýmenç ýalňyzlykdan boşadyp, 
Ýygra Asman utanjyndan gyzarýar. 
Süňňi gagşap ýaňy turan tebigat, 
Synçy nazaryny göge gezeýär.

Ýene geçdi ömürleň bir gijesi, 
Sülmüräp Gün syrdy ýüzden nikabyn. 
Ýer-gök arasynda beýemçi säher, 
Gyýdy asman bilen Zemin nikasyn.

Men şeýle bir erkin duýýan özümi, 
Ýa, ezizim, barlyk seniň özüňmi?!

Gunça AMANSÄHEDOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 492 | Добавил: Нawеran | Теги: Gunça Amansähedowа | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 345  
"Yagyş yagyar" goşgusynda adam duygulary tebigat bilen diyseñ tasirli şekilde garylyp yugrulyp berilipdir.

0
2 345  
Ya men köñül otagymda çañ basyp,
Har bolan duýgulañ sübsegärimi?!
++++

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]