20:28 Ýara ýüzlenme | |
Ýara ýüzlenme
Bir dem aladaňy pitikläp goýber Üfläp goýber sere üýşen pikiriň. Satyp bolmaz başyňdaky derdiňi Ol seni ir-u-giç ýüpsüz kökerer. Biz satyn almadyk derdi, onsoňam Artykmaç zatlaram başa towky bor. Ýapyp bolmaz ýetmeziňi el bilen Ine, ahyr biziňkiňem gowsy bor. Ökjäňi galdyryp uly bolnanok, Hiç kimiň ýetenok eli Aýa-da. Geljek günleriňe sabyrly gara, Ertiriňe güýjüň-gurbuň aýada. Öz başymyň gaýgysy ýok beýnimde Ony owurt suw deý ýuwdup goýberýän. Geçen günler geçip gidýär salgym deý, Ertir hem şu güne gaýdyp goýbermez. Günler ynamyňa ynamyn goşsun, Bagtsyz galjagyňa ynanma, ýarym! Kosmonawtlar Aýy elläp gaýdansoň Men bagtsyzlygyma ynanmaýaryn. Goçmyrat Orazberdiýew | |
|
√ Ýasama gül / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |