03:05 Ýatlama | |
ÝATLAMA
Geçeni ýatlamak ynsana kada, Menem iller ýaly şol kada maýyl. Ýelýürek jahyldym seniň husnuňa, Badyhowa göwün bolanda maýyl. Arzuw kyldym-bahar bolsam bagyňda, Gözlerimde çakdy otly ýyldyrym. Iki dünýä sygmady bir gursaga, Hasabyn kim berer köýen ýyllaryň? Onuň üçin senden soralmaz hasap, Menem özüm üçin çykarman kanun. Ýyllar hem etjegin soraman eder Höküm bolar eken beýle-de zabun. «Ölseň-de mazara bile giderin», Diýip, batly sözläp goýduň azara. Dirilikde aýry dünýäde ýaşan Ölende sygarmy ýeke mazara. Kä durýaň gaşymda, ýüzüňde ünji, Ümürli howadan gaýyp gelýäň-de, Hyýalymda ýaşasa-da ruhuň, Saňa orun ýokdur meniň dünýämde. Ýöne, ýolda-yzda göräýsem käte Üýtgeýän, köne dert gozgaýar meger. Ýogsam, terk edilen dünýäni ýatlap, Beýle, lowlap-lowlap ýanmazdyň, jiger! Wagt ýüreklere salýar sowuklyk, Şonda-da käýarym gaýnaýan-daşýan. Guwanýan dünýäde seň barlygyňa, Ýyllar daşlaşdykça sen golaýlaşýañ. | |
|
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |