07:35 Ýetginjek | |
ÝETGINJEK
Öňküsine görä üýtgeşik dünýä, Nämüçindir dünýäň öňküligi ýok. Ol özünden uly bolmak isleýär, Öz ýaşyndan uly bolup bilenok. Görýän düýşleri hem öňküleri däl, — «Söýüşen» gyzlary bardy bir çene. Ol ýuwaş-ýuwaşdan düşünip barýar Gelinleň, gyzlaryň gözelligine. Bir täsin täzelik gurşaýar ony, Ol häzirden görjek bolýar geljegin. Howlaýar. Ululaň yzyna düşýär, Geýýär uly doganynyň penjegin. Uruşly kinolar ýat boldy oňa, Düşenok ýadyna oýun, kepderi. A «Söýgi oduna» goýberenoklar On alty ýaşyna ýetmedikleri. Ýigitligiň gapysyny kakýar ol, Açanoklar, wah, nätmeli? Itmeli? Itse-de, bu gapa goýberenoklar On sekiz ýaşyna ýetmedikleri. Öýe gelýär. Urunýar ol ikiýan. Kakasy geň galýar: «How, keýpiň ýok-la?» «Meň ullakan adam bolasym gelýär, Näme üçin meni goýberenoklar?..» | |
|
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |