07:08 Ýetmişiñ bosagasynda ýazylan goşgy | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
▶ ÝETMIŞIŇ BOSAGASYNDA ÝAZYLAN GOŞGY Geljege göz dikip barsa-da adam, Geçeniň tiz-tizden düşüp dur ýada. Menzilleri sökdüň paýu-pyýada, Indi elden beýle-beýle iş gelmez. Ýaşlyk çagyň meňzese-de ýalana, Göwnüň gider geljege däl - ozala. Sataşarsyň ýene müň bir gözele Ýöne welin başky söýgiň duş gelmez. Dilgir bolma , bir salymjyk ýaşansyň, Ak alkymdan, al ýaňakdan ogşansyň... Bagtyň çüwse, belki, ýüz hem ýaşarsyň, Ýeser ýeri, şo-ol ýigrimi ýaş gelmez. Bihudalyk etme: çapma zyýana, Guwdurap meňzejek bolma juwana. Arrygyň gynama, mundan buýana, Akyl gelse geler, ýöne huş gelmez. Ýürekler suwludy her ýerde ýörsek, Göwün ganatlydy otursak-tursak. Däli-porhan bolup kükräpdiň, gursak, Indi saňa onuň ýaly joş gelmez. Bu günlere ýeteniňe kaýyl bol, Müzzerme-de, gaýratly bol, gaýym bol. Bu - pelekdir, urgulara taýyn bol, Ikindiň bolupdyr, gaýdyp çäş gelmez. Häli-häzir gulak barka eşdewer, Solar gözüň ýagyn iýer keşdeler. Ahyr bir gün guraýandyr çeşmeler - Aglajak bolarsyň - gözden ýaş gelmez. Entek öz ykbalyn özi ýazan ýok, Uçýan kän-de, Ýerden örkün üzen ýok. Aý, ýyllardan öňe düşüp ozan ýok, Katumyt bol: dördüň dolman, bäş gelmez. | |
|
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |