12:04 1841-nji ýyl, Lermontow dueliň öň ýanynda | |
Sen nirde, Russiýa! Tur, aýaga gal! Ähli lellimligiň zynjyryny gyr. Indi seniň hiç wagt dogmajak ogluň Dur ajal okunyň öňünde häzir. Üç däl, Sekiz at goş çaman paýtunňa, Bol çaltrak, howp astynda aşygyň. Indi gel-gel, ölen ýüregi bilen Aşyk söýmelimi garly Maşugyn. Rehmiň gelsin perzendiňe, Russiýa, Onuň murty ýaňja tabady ahyr. Ol seniň namysyň, wyždanyň üçin, Duşmanlarňy burça gabady ahyr. Ýetiş sen, ärleriň beýik ülkesi, Ähli Pugaçýowyň, Raziniň bilen. Kak sen dekabristleň mazar gapysyn Senat meýdanyna çyksynlar olar. Benkendorf däl-de, Puşkinler bile Adat boldy Russiýany soramak. Ýöne neçün ýetişeňok, Russiýa? Kyn düşýärmi şahyryňy goramak? Ýüregiňden çykan ýalkymly sözleň Zarbyndan titredi patyşaň tagty. Neneň gymmat düşdi Bütin Ýewropaň Seniň kuwwatyňa ynanjak wagty. Ine, ine, kawalergard Martynow Gysyp barýar pistoletiň gulagyn. Nyşanasy diňe Lermontowam däl, Nyşanasy seň ýaraly ýüregiň. Ýok, öňräk gunduz garyň üstünde Dantesem Puşkini atmandy diňe, Ol Puşkiniň çep gursagna bakýarka, Seniň çep gursagňa bakýardy siňe. Ine, bu gün ak Maşugyň öňünde Ýene çenäp durlar çep gursagňa ok. Sem nämüçin ýetişeňok, Russiýa? Kyn düşýärmi şahyrlarňy goramak? Gurbannazar EZIZOW. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
