23:39 "Bileje ýagyşa ezilmesek-de..." | |
Bileje ýagyşa ezilmesek-de, Kän sürüpdik hyýalyny şol günüň. Aýna düşýän damjalary yzarlap, Şolar bilen deň nemlenýär söwdügiň. Ýagyşly howadan giňeýän gursak Bu mahal jahana sygmajak bolýa. Ejap edip syr bukulan dideleň Gök asmandan beter boguny dolýa. Gijelere ýesir düşüp ýene-de, Söwdügiň ýesiri jybar ýagyşyň. Neçün bize nesip dälkä, ezilip bileje synlamak ýagşyň ýagyşyn. Annabeg AÝMAKOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
| |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
