20:20 Adamlar... | |
|
Gep tapar öz eýesini hemişe, Kitap okap, magny saçan adamlar... Pygamberi satyp otuz kümüşe Ogrynyñ ýoluny seçen adamlar. Gäwürleñ amalyn boýnuna dakyp, Mährapda bihaýa syçan adamlar. Nebsiniñ oduna imanyn ýakyp, Ýel kimin ýüwürip geçen adamlar. Pelek hezil bermez hemmä gyradeñ Kä ýylpyldap, käte öçen, adamlar. Şa bilen gedaýa deñdir Ýaradan Bilýändir, bakyýa uçan adamlar... Bäş manatlyk bähbit üçin syrtyny Ommalyp şeýtana açan adamlar. Undup Resulallañ goýan şertini Deçjalyñ toruna gaçan adamlar. Mahrum edip öz-özüni Köwserden Iblisiñ siýdigin içen adamlar. Bihabar däl, gapyl däl sen bu syrdan Her işiñ soñuny biçen adamlar. Howaýy şan-şöhrat üçin el serip, Namysyn ýuwdanlar kürsi dilenip, Iñ soñunda biýz kepene çolanyp, Gara ýeriñ goýnun guçan adamlar, Ah, adamlar, adamlar... Has TÜRKMEN. | |
|
| |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
