16:10 Meni | |
|
"Gurçuk iýer" diýip süýji dänäni, Ajy däne erge sapdylar meni. Zaýalanar duzsuz goýsaň nämäni, Diýip bir şormaňlaý etdiler meni. "Güneşde, ojakda süýjeýär tagam, Sen bolsa gögele, turşy hem-de ham" Diýip, el-aýagmy baglaýyp ykjam, Yşkyň gazanyna atdylar meni. Ekin iri bolýar ýekelap çyksaň, Üzüm kän miwelär pudasaň, çapsaň, Kömelek dykyzdyr takyrdan tapsaň, Diýip, gaty ýere ekdiler meni. Aganyýaz ŞALLYÝEW | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 3 | |
|
| |
