22:16 Ak guwlary atmaň | |
|
Ötenleriň ruhuna öwrülip, Bu diýaryň zaryn çekip gelende. Ak guwlary atmaň, halys bolmasa, Atyň meni, atyň şolaň deregne. Oýlanyň, doganlar, gadym diýardan, Näçe eziz, näçe eziz ötendir. Bir ganaty umyt, birisi zardan, Gitdi olar, ötdi olar göterlip. Bu gün olar ak guwlara öwrülip, Biz diýip, biz üçin ýüregin üzüp, Guwlaryň keşbinde şatlanyp, gülüp, Guwlaryň dilinde nagmalar düzüp. Gögüň çuňlugyny, ummanyň gerşin, Ýelpäp gelýär. Gözel görünýär asman. Şolara gezelýän ýaragy gördüm, Duruň siz! Saklanyň, doganlar, atmaň, Ak guwlary atmaň! Çekmäň küregi. Ol kimleň umydy, kimleriň zary. Soň bir gün ak guwlara öwrülip, Gelenmizde bizem atmazlar ýaly. Ak guwlary atmaň! Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
| |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
