07:35 "Otyryn men ýañlyzlyga bürenip..." | |
Otyryn men ýañlyzlyga bürenip, Şu mahalam hyýalymda at çapýañ Bilýän, aramyzda uzak menzil bar, Salgymlara umyt nazarly bakýan. Asman ýyldyzlary göz gyrpýar ogryn, Men özümi aýdan gümden gabanýan. Göwnüme bolmasa äpet kölegeler, Üstüme haýynlyk bilen abanýar. Ýalñyzlyk gorkusy girdaba salýar, Çesme bolup akýan kenara çykman. Akaryn men sen kenarda garaşgyn, Hic kime şelaýyn ýylgyryp bakman! Hemmeler ukuda, ýatyr salamat, Menden özge oýalykda ören ýok. Dine sen duýmasañ meniñ yşkymy Onuñ keşbin senden özge gören ýok. Meniñ ýylgyryşym seniñki bolar, Gara gijelere tämizlik berjek. Oturaryn geleriñe garaşyp, Ýöne garaşýanym sen nirden biljek? Selbinýaz. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
