17:47 Akyl-huşy ýagşydyr | |
Bir ýagşy hatynyň aýtsam waspyny, Owal başda akyl-huşy ýagşydyr. Ser salyp gözleseň eden kesbini, Serenjamly bolan goşy ýagşydyr. Ürgenç almasyna meňzär ýaňagy, Gaşlary kemandyr, badam gabagy, Çahy-zenahdandyr gyrmyz dodagy, Göwherden düzülen dişi ýagşydyr. Şum rakypdan dolap öter ýüzüni, Nämähremden pynhan tutar özüni, Duş-ýaňa garaýyp, dikmez gözüni, Her dilberden gözi, gaşy ýagşydyr. Sallananda, rowan bolar ýollary, Ter hyna ýaraşar näzik gollary, Leb uzadyp, sormalydyr ballary, Inçe bili, boýun, başy ýagşydyr. Çyn ýagşynyň näzleri hem üm bolar, Ýüzlerinde burçak-burçak nem bolar, Her bir sözi niçe derde em bolar, Pynhanda syrlary, daşy ýagşydyr. Sözleşende, köňlüm syryny biler, Her jogap berende, ýylgyryp güler, Tagamyndan gandyň mazasy geler. Bişiren nygmaty, aşy ýagşydyr. Ýüzi meňzär gan sepilen garlara, Bir niçeler ýetmez andag ýarlara, Yaňaklary meňzär alma-narlara, Näzeninde şondaý kişi ýagşydyr. Müň tümenlik bolar her bir näzleri, Wagtyňy hoş eder gyşu-ýazlary, Gurat bolar öýleriniň sazlary, Onuň hemme eden işi ýagşydyr. Zynhary diýr, bolsa goluňda zeri, Şol bolar dünýäniň zynatly ýeri, Her ýigidiň bolsa ýagşy dilberi, Bilseň, onuň ýaşan ýaşy ýagşydyr. Abdyrahym ZYNHARY | |
|
| |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |
|
| |
