19:38 Arçman | |
Adama haknyñ salgan nazary Arçman, Ýol bolarmyş her kimiñ gelse azary Arçman, Depg edermiş gözbaşyda her bir belany Arçman, Çeşmeden çykgan suwuñ dert dermany Arçman, Uşbu türkmen içire bolgan göwheri Arçman. Her tarapdan saña gelmiş tamam illatlylar, Çetki ilatlar gelerler, aýry din milletliler, Gelmäge arzuw eder kandaý ulug döwletliler, Görmekniñ kastyndadyr köp pyýada, atlylar, Uşbu türkmen içire bolgan göwheri Arçman. Näme üçin salmadylar başyñda ýüz-müñ jaýlary, Berseler hüşür-zekatny, bu tekäniñ baýlary, Haýr ile yhsan üçin tikseler köp öýleri, Maly-mülklerni ýygnan, berseler tasatdyk toýlary, Şonda bildirse gerekdir hemme hünäri Arçman. Daşyñy päkizeläp, ýanyñda jaýlar salsalar, Her tarapdan ýygnanyp, jemgi keselliler gelseler, Ol hökümet tarapyndan birnäçe dogtor goýsalar, Ýanynda bir medrese, metjitni lazym bilseler, Şonda bildirse gerekdir hemme hünäri Arçman. Bu Muhammetgylyç munuñ gazalny etdi tamam, Metjit ile, mekdep ile, ýanynda lazym bizge hem, Hak tagalla razy olgan hem ýene haýry islam, Hem pakyr-biçäreler, razy bolar külli älem, Şeýle bolsa köp bolar her gün raýaty Arçman. 28.VII.1921 ý. | |
|
| |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
