07:29 Arzuw | |
“Gyzym bolsa Bahar dakjak adyna” Halyl Kulyýew. Oglum bolsa, Halyl dakjak adyna, Goý, beýik şahyrdan alsyn görelde. Wasp etsin Watanyň gözelliklerni, Özünden öň il-gün düşsün ýadyna, Oglum bolsa Halyl dakjak adyna. Soňlanmajak aýdym düzsün ýürekden, Aýdym ylham bersin her bir adama. Arzuwlary göwünlerde ýer etsin, İl-gün üçin düşsün yşkyň oduna, Oglum bolsa Halyl dakjak adyna. Waspyny ýetirsin bahar-ýazlaryň, Bilsin ulyň-kiçiň göwnün jadylap. Şygyr ýazsyn sesi bolup halkymyň, Şuny okap bat goşulsyn badyna, Oglum bolsa Halyl dakjak adyna. Batyr HOJANYÝAZOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
