AŞGABAT
Bölek-bölek bolar açyk asmany,
Aşgabatda tomsuň yssy günleri.
Türkmenler bu kada belet, olaryň
tomus deý sadadyr päk göwünleri.
Meniň dogduk ülkäm — Ukrainada,
Tomus uzaklarda seýran eýleýär.
Bärde sentýabrda howanyň taby —
38 (otuz sekiz) gradusa deň gelýär.
Gün ta:ýýar aýna deý asfalt üstünde,
Mermer binalarnyň görki ne ajap.
Altynsow gümmezler ýol salýar göge,
Güneş nury kimin ýalkymyn saçyp.
Bir ýanynda agras oýly dagy bar,
Beýleki çetinde çöl uklap ýatyr.
Behişti ýatladýan gülli köçeler,
Gözleriňe buýsanç gözýaşyn getir.
Aşgabadyň çüwdürimlerniň sany —
Asmana seçilýän damjalar deý kän.
Milli geýiminde ýaşlar, ulular,
Olar öz işine yhlasly mäkäm.
Bu ýeriň durmuşy biz üçin täsin,
Belki,
onuň taryhy hem şeýledir.
Her gije adamlar köp şükür bilen
Sabalar asuda daňlaryn atyr,
Sebäbi bu ýerde çöl, daglar hem-de
Halkyň örän beýik taryhy ýatyr.
* * *
Öz ýaşan ýaşyňa bolamaýar arzyň,
Nazar salsaň guş deý uçan günlere.
Ykbalyňda şowly çyksa bijeler,
Ömrüň meňzär gunça açan güllere.
Günler her demiňde garradýar bizi,
Ömür bakylyga siňmek isleýär.
Ýeke ömür...
Gör, nähili az bize, ...
Adam kalba müňläp arzuw besleýär.
Ýüz-gözüňe günler salanda nagşy,
Ham hyýallar hamrak bolar, ýa diňe
her säher Güneşi sylaňda ýüze,
Gökden uçan durna düşer ýadyňa.
Bize onsoň öňki eden işlerimiz,
Gaýtadan etmäge bolmaz ejaza.
Ýa ýeke gün, ýa bir sagat azyndan
Gadam goýup bolmaz gülgüzar ýaza.
Diňe güller saňa meňzäp açylar,
Ýöne olar gujagyňa dolmaýar.
Wagt geçýär, ony öwsen şemal deý, Ýumrugyňda gysyp saklap bolmaýar.
Ömrüň ýumak ýaly saralar gider,
Dünýe düýnki deýin öz tabyndadyr.
Ýaşalan şol günler nesillermiziň,
Dowam etjek ömür kitabyndadyr.
Aleksandr AFONIN,
ukrain şahyry.
Terjime eden: Muhammet BEKGIÝEW.
Goşgular