|
AWÇY, ATMA JERENI! Awçy, atma jereni! Onda uly arzuw bar. Intizar ol, gör ony, Ol kanala garaşýar. Gör, injigi inçejik, Suw diýip köp ýörmekden. Mahrum etjek sen niçik, Ony kanal görmekden?! Sanalgyja gün galdy, Arzuwyna ýeterne. Kanal çöle ýol saldy, Gelýär jerenleň ýerne. Kanal gumy boýn edip, Geçsin, çöli suwarsyn! Owlaklaryn oýnadyp, Jeren-de suwa barsyn. Awçy, atma jereni! Onda gowy arzuw bar. Gowy arzuwy seni Etsin oňa rehimdar! Rehmet SEÝIDOW.
Goşgular
|
|
Категория: Goşgular |
Просмотров: 1023 |
Добавил: kungfuu
| Теги:
| Рейтинг: 4.8/4 |
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
| Teswirleriň ählisi: 6 | |
|

0
Häzirki Garagum derýasy (kanaly) barada.
|

0
Hawa, köne.
|

0
Okuwçy döwrümiz ýat tutupdyk şu goşgyny.
|

0
Бу гошгыны барып 70-нжи йылларын ортасында башлангыч класын "ЭНЕ ДИЛИ" окув китабында окапдык. 3-нжи класда.
|

0
Rehmet Seýidow ölmezinden öñ ýagny soñky ýazan goşgusy bolmaly?
|
|
|
|