18:08 Aýal dogan! | |
|
(Ýigidiň durmuşa çykan doganyna ýüzlenmesi) Öýümiz galdy çolaryp, Gelsene, aýal dogan! Gussalarmyň göwnüne Degsene, aýal dogan! Gelin gülüdir öýnüň, Solmasyn bahar ömrüň. Çagalygmyzdan gürrüň Bersene, aýal dogan! Gadyr giýew-gaýynda, Tut sarpasyn gaýymja. Ömrüň aňzak garynda Gülsene, aýal dogan! Ýok bolsa, sözleň dady, Göwne alma bar zady. Şat günleriň şaýady Bolsana, aýal dogan! Ýylgyr, ýyllar agysyn taşlap, köňül baýasyn! Şygrymyň pes manysyn Orsana, aýal dogan! 2023.01 Nury SAKÇYÝEW. | |
|
| |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
