14:33 Aýdym | |
|
Diýme maňa meýliň ýok eken, dilber, Ogryn-ogryn bakyp gülüpdiň ahyr. Muhapbetdir gözelligiň nyşany, Ozal maňa wada beripdiň ahyr. Hany meniň bilen iýip-içeniň! iýip-içip, ak ýüregňi açanyň. Mundan soňra peýda bermez gaçanyň, Oýnaýyp ýanyma gelipdiň ahyr. Gara zülpüň çekip ak ýüze perde, Sen meni salypsyň tükenmez derde, Gaýgysyz, arkaýyn gezdigim ýerde, Sabrymyň gülüni tiripdiň ahyr. Gul Mustafa diýer, jandadyr kasty, Köp aglatma meni, gözleri misgin, Gözeli söýerler, ynjytma dostuň, Sen özüň husnumy görüpdiň ahyr. Gul MUSTAFA. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1958 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
