09:59 Aýdym ussady | |
Şahyr Allaýar Çüriýewe Gussaň ýaza dönüp gunçalar açar. Diňläňde şahyryň aýdymlaryny. Göwün guşyň yşkyň mülküne uçar. Diňläňde şahyryň aýdymlaryny. Baglaryň aşygy, daglaň aşygy, Dag içinde geçdi juwaş ýaşlygy. Söýgüden dolýandyr göwün boşlugy. Diňläňde şahyryň aýdymlaryny. «Obamyň lälesi» aýdymlaň başy, «Dagly gyz» ýüzükdir, «Sensiz» oň gaşy, «Damjalar» ýaňlansa ýaz edip gyşy, Gülledir şahyryň aýdymlaryny. Dagda çopan bilen goýun bakýandyr, Bagda bagban bilen güller ekýändir, Mežnun bolup gaýalary ýykýandyr, Diňläňde şahyryň aýdymlaryny. Aşygyň «Lälesi gideli bäri», «Çarlak guşa» dönüp doldurdy töri, «Gijeler» ýatladar uzakda ýary Diňläňde şahyryň aýdymlaryny. Aslyny sorasaň Könekesirli, Ýüregi söýgüden, göwni pespälli, Gussaly kalbyňa bolýar teselli, Diňläňde şahyryň aýdymlaryny. Röwşen ÇÜRIÝEW. 26.09.2009 ý. | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
