08:16 Azara galma, men gowy!.. | |
Eşitdim... Meni soran ekeniñ, Neneñsi, niçik halda diýp. Azara galma, men gowy, Taşlap giden ýeriñde-dä, Ölüden parhsyz diri-dä men. Her ýeteniñ dilinde men. Çagalañ elinde oýunjak kibi, Birazajyk dertli, biraz gussaly, Sensizligiñ orra-ortasynda. Azara galma, men gowy!.. Gowy men gowy... Mydar edip ýörün-dä, men, ine, Bir ýanym kör, bir ýanym agsak. Elimi-aýagymy çekdim işden, Durmuşymy üzmäge dyrjaşýan geçmişden, Ýatlamalardan, Hyýallardan, Hemme zatdan!.. Aslynda ýaşamaga-da añ edemog-a bu gidişden... Azara galma, men gowy!.. Kenara urlan gämi ýaly men, Gaý-tupana ýeñlen. Akyl-huşum başdan uçan ýaly men, Öz-özüme aglap, gülüşen, Iki ganady-da döwlen guş kibi, Uçurymdan boşluga düşen. Azara galma, men gowy!.. Meselem, Garañky gijede ýyldyzsyz kibi Günüñ bar ýerinde şem bolup misli. Şemalyñ gaýadan sowran tozany Ýelkenden galan sekunt men, sekuny. Ýaşap ýörün, ine, Ne öli sanylýan, ne-de diri men!.. Azara galma, gowy men!.. Jemal SÜREÝA. | |
|
| |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
