21:50 Azatlyk | |
Halka – azatlyk! Maňa – azatlyk! Ýurda – azatlyk! Şeýle gazaply ses bilen, Hem uly höwes bilen, Şu sözleri gaýtalaryn. Gülläň aşagynda, ýalyn içinde, Gaýtalaryn uly iliň içinde. Halka – azatlyk! Maňa – azatlyk! Üurda – azatlyk! Mukaddes derýanyň uly köprüsi, Gaýtalar muny. Ýeliň şuwwuldysy, Ýyldyrymyň güwwüldisi, Göýä adam ýaly, Gaýtalar batly, Sesi haýbatly: - Azatlyk! Azatlyk! Azatlyk – diýip. Men bu sözi ähli ýere ýazýaryn, Diwarlara, gapylara ýazýaryn. Hasratly topragymyň her daban ýerin, Bu söz bilen doldyryn. Türmelere, köçelere, her ýere, Ýazmak üçin barýaryn. Bu sözi gaýtalar ýakynym -- daşym, Ol aňladýar meniň beýik göreşim. Halka – azatlyk! Maňa – azatlyk! Ýurda – azatlyk! Mukaddes derýanyň uly köprüsi, Gaýtalaýar muny. Ýeliň şuwwuldysy, Ýyldyrymyň güwwüldisi... Göýä adam ýaly, Gaýtalar şuny: - Azatlyk! Azatlyk! Diňe Azatlyk! Fadwa TUKAN, Palestina. Terjime eden Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
