06:57 Bahar | |
|
Bu ýyl senden ýüzüm gara, Bagyşlagyn täze bahar. Bezenseň-de lälezara, Görünmeýäň göze bahar! Sylanmadyň, syndy göwün, Dogmazdan öň ýaşdy günüň. Daň goşuňy, çek kerweniň, Ber ornuňy güýze bahar! Gorkmazdym men dag-dereden, Gaýtmazdym men hiç garadan, Bu gün bakýan penjereden, Çyka bilmän düze, bahar! Bolmasam-da çeşmi badam!* Köp derdi men gören adam, Ýaka tutup "korunadan" Çökdüm bugün dyza bahar! Gowşurardyň nesli-nesle, Patyşadyň ähli pasla, Meňzemeýäň ýöne asla, Öňki ýaly ýaza bahar! Ter biliňden guçmasam-da, Al şerabyň içmesem-de, Kak gapymy açmasam-da, Dolanmagyn yza bahar! Amanmuhammet BAZÝAR, Türkmensähraly türkmen şahyry. ________________________________ * Çeşmi badam - hytaylylara berilýän lakam | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
